SIZDEN GELENLER

Halk Maslahaty – milli demokratiýanyň nusgasy

«Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen asyl­ly şy­gar baş ýö­rel­ge edini­lip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa geçi­ril­ýän içe­ri we da­şa­ry sy­ýasa­ty­myz hal­kyň bäh­bi­di­ne gönükdi­ri­len­dir. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl däp bol­şy ýa­ly, baş baý­ra­my­myz bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şanly toýunyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li se­ne­dir. Se­bä­bi jemgyýe­ti­mi­ziň ösüş­li gel­je­gi­ne gö­nük­di­rilýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry syýasaty­na özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­mek bi­len bir ha­tar­da, dünýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­my­zyň hem has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na şert­le­ri dö­red­ýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwletimizde ähli işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Halkyň, jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynda hem möhüm orun eýeleýär. Ol «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarlary baýdak edinen merdana halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bagtyýar şu gününe hyzmat edýär we ýagty ertirleri nazarlaýandygy bilen, ruhumyza ruh, güýjümize güýç goşýar.

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň taryhy tejribesinden gaýdýan maslahatly, jebislikli ýol-ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen täze çözgütleriň kabul edilýän, halkymyzyň bagtyýar geljegini pugtalandyrýan meýdançasydyr. Şoňa görä-de, onuň mejlislerinde halkymyzyň öňe sürýän teklipleriniň diňlenilmegi, ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde umumymilli forumy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede guramak boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 19-njy sentýabrda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşynda Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamalydygyny nygtady. Munuň özi ykdysadyýetiň ösüşiniň durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hem aýrylmaz şerti bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

Milli döwletlilik ýörelgelerimiziň nyşany bolan maslahatyň mejlisine ýokary derejede görülýän taýýarlyga mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada gönükdirer. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň bähbidine netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna täzeçe itergi berer.

Halk Maslahatynyň yzygiderli mejlisleri taryhy ähmiýetli wakalara öwrülip, mejlislerde raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynda beýan edilen taglymatynyň durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Halk Maslahaty ata-babalaryň däp-dessurlaryny miras alyp, döwletiň milli kuwwatynyň we durnuklylygynyň binýady bolup hyzmat edýän türkmen jemgyýetiniň jebisleşmegine möhüm goşant goşýar. Ýaşuly nesliň zähmetine şeýle-de hyzmatlaryna sarpa goýmak ýörelgesi Halk Maslahatynyň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini öňe sürmek we milli jebisligiň ösüşiň hereketlendiriji güýjidigini görkezmek bilen alyp barýan işleriniň esasy tarapydyr.

Halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ahun Suhrapow,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Halk Maslahaty – halkyň bähbidine

Halk Maslahaty – milli jebisliginiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Döwletli geňeş – halkyň agzybirligi

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahaty – döwletli geňeş

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Milli arhiwiň ähmiýeti