Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem aýratyn mana eýe bolar.
Çünki halkymyzyň taryhynyň doly we çuňňur öwrenilýän häzirki döwründe geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de kämilleşdirmek, türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, şeýle-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işler dogrusynda halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alnyp maslahatlaşylar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu möhüm forumy ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidiumyň mejlisi kanunyň hökmürowanlygynyň, Türkmenistanda milli kanunçylygyň talaplarynyň pugta berjaý edilýändiginiň özboluşly ýüze çykmasy boldy. Halk Maslahatynyň işi, ilkinji nobatda, döwlet özygtyýarlylygynyň halkyň özygtyýarlylygyna esaslanmagyny, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesiniň halk bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Onuň ähli mejlislerinde adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde görülmegi, döwletiň syýasy gurluşynyň demokratiýa esaslanmagy ýaly ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär.
Türkmenistanda raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny gyşarnyksyz üpjün etmäge yzygiderli üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda raýat jemgyýeti, ýagny il-ulsuň, ýurduň bähbitlerini ileri tutmak, asylly işlere işjeň gatnaşmak halkymyzyň esasy jemgyýetçilik ýörelgesi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň durmuş däpleri raýdaşlyk, watançylyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik duýgularynyň kemala gelmegi hem-de ösdürilmegi üçin ajaýyp şertleri döredipdir. Il-ýurt bähbitli möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek üçin ýygnaklar, maslahatlar, geňeşler geçirilipdir. Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz bu gün täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty merdana ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde-de ýurdumyzyň dürli kärdäki raýatlarynyň, dürli jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Munuň özi ýurdumyzda milli demokratiýanyň yzygiderli ösdürilýändigini, pugtalandyrylýandygyny tassyklaýar. Ol asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtybarly wekillerine sarpa goýmagyň, agzybirligiň we jebisligiň subutnamasydyr.
Döwletli maslahatda ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna degişli meselelere garalýar. Ýurdumyzyň ösüş ugurlaryndaky esasy wezipeler bilen halkymyz giňden tanyşdyrylyp, olary ýerine ýetirmegiň anyk ýollary kesgitlenilýär. Şeýle edilmegi bilen, bu gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybirlikde, maslahatly kabul edilýän çözgütler bilen abadan durmuşyň berkararlygyny, täze ösüşleriň binýadyny gurýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň öňde duran maksatlara amal etmäge, beýik tutumlary durmuşa geçirmäge ukyplydygynyň ýene bir görkezijisi bolup durýar.
Halka daýanyp, halkymyzyň bähbidi üçin, nesilleriň röwşen geljegi ugrunda giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ýagmyr Akmyradow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.