JEMGYÝET

Hakyky muşdak

21-nji iýulda, ýekşenbe güni Singapurda Halkara Çempionlar kubogynyň çäginde geçirilen «Ýuwentus» ― «Tottenhem» duşuşygynda Turin şäheriniň ätiýaçdaky oýunçylarynyň oturýan ýerine gelen gazagystanly oglanjygy, ol tä futbolçylaryň ýanyna gelýänçä, hiç kim aňşyrmady. «Ony diňe Kriştianu Ronalunyň ýanyna gelende gördüler» diýip, AZR Organization Twitterdäki resmi sahypasynda ýazýar.

Oglanjyk oýun wagtynda ätiýaçlykda oturan dünýä ýyldyzynyň ýanyna ýüwrüp bardy we oňa bile surata düşmegi teklip etdi. Gorag işgärlerini aradan aýryp, olardan arkaýyn bolmagyny haýyş eden «Ýuwentusyň» portugaliýaly ýyldyzy başlyklaýyn ätiýaçdaky ähli oýunçylar «kiçijik batyr» bilen surata düşdüiler.

2:3 hasabynda «Tottenhemiň» peýdasyna tamamlanan duşuşykda «Ýuwentus» oýundan keýpsiz aýrylan hem bolsa, kiçijik janköýer baradaky ýakymly ýatlama oýunçylaryň aňynda uzak wagt galsa gerek. Ýöne has uly ýatlama gazagystanly oglanjykda galar. Çünki indi onda Ronaldunyň hut özünden alnan futbol lybasy bar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri