SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Haj parzy üçin gitjekleriň sany belli boldy

Şu ýyl Saud Arabystany daşary ýurtlardan hem haj parzy üçin raýatlary kabul etmegi meýilleşdirýär. Şonuň çäklerinde Türkiýe Respublikasynda hem haj parzy üçin gitjekleriň sany kesgitlendi. Türkiýeden şu ýyl haj parzy üçin 37 müň 770 adamyň gitmegine garaşylýar.

Türkiýäniň Din işleri boýunça ýolbaşçysy Prof. Dr. Ali Erbaş zyýarat kwotasy barada beýanat berdi. Prof. Dr. Ali Erbaş: “2022-nji ýylda biziň ýurdumyzdan zyýarata gitjek zyýaratçy dalaşgärleriň kwotasy kesgitlendi. Doganlarymyzyň 37 müň 770-si 2022-nji ýylda haj parzy üçin mukaddes ýerlere zyýarata gider” – diýdi.

Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrligi haj parzy üçin rugsat edilen 1 million zyýaratçynyň agramly bölegini daşary ýurtlularyň tutjakdygyny mälim etdi.

Berlen maglumata görä, daşary ýurtlardan barjak zyýaratçylar umumy zyýaratçylaryň 85 göterimini tutar. Soňky 2 ýylyň dowamynda pandemiýa sebäpli daşary ýurtlardan zyýaratçylar kabul edilmändi.

Haj parzy üçin ýüz tutjaklar 65 ýaşdan kiçi bolmalydyr. Sanjym edilen bolmalydyr. Şeýle hem daşary ýurtly zyýaratçylardan 72 sagatlyk PSR barlag netijenamasy talap ediler.

 

 

ABŞ 90 ýurda syýahat etmäge rugsat berdi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär