DÜNÝÄ

Hadi Süleýmanpur: Türkmenistanyň başlyklygynda YHG-niň işi has-da ilerlär

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Süleýmanpurdan hormatly Prezidentimize hat gelip gowuşdy. Sebitiň abraýly guramasynyň ýolbaşçysy öz hatynda hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-niň täze Başlygy wezipesine girişmegi bilen mübärekläp, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde guramanyň işiniň has-da ilerlediljekdigine ynanýandygyny belledi.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– 2021-nji ýylyň 4-nji martynda “COVID-19-dan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” diýen at bilen geçirilen YHG-niň XIV Sammitine gatnaşandygyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek mende örän uly kanagatlanma döredýär. Men sammitiň dowamynda Siziň Alyhezretiňiz tarapyndan beýan edilen pikirlere we möhüm teswirlemelere ýokary baha berýärin. YHG öz geljekki işlerinde şolardan ugur alar diýip pikir edýärin.

Şeýle hem şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-niň täze Başlygy wezipesine girişmegi bilen mübäreklemek we gutlamak isleýärin. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde hem-de Siziň Alyhezretiňiziň howandarlygynda YHG-niň mazmuny boýunça has uly ara alnyp maslahatlaşylmaly meselelere gatnaşyp, sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, bilelikde amala aşyrylýan netijeli strategiýalary we çözgütleri işläp taýýarlajakdygyna ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňiziň parasatly ýolbaşçylygynda Izmir şertnamasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine, şeýle hem YHG-niň 2025-nji ýyla çenli garaýşynda beýan edilen ösüş maksatlaryna laýyklykda, sebitde köpçülikleýin hal-ýagdaýyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbitlerine ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, YHG-niň Türkmenistana gatnaşygynyň tüýs ýürekdendigini tassyklamaga rugsat ediň. Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň goldamagynda YHG-niň sebitde rowaçlygy we gülläp ösüşi gazanmaga tarap mundan beýläk-de öňe hereket etjekdigine ynam bildirýärin.

Şeýle hem men mümkinçilikden peýdalanyp, ajaýyp waka—Nowruz baýramy bilen baglylykda mähirli arzuwlarymy ýetirýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýranyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanynda hemişelik wekilhanalary açylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy