SPORT

Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Köp sanly sport muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Russiýanyň dagystanly çempiony Habib Nurmagomedow sportuň başa baş göreş ugrundaky karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Ol muny özüniň iň soňky hem-de ýeňiş bilen tamamlan tutluşygyndan soňra belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, sportuň garyşyk söweş ugru boýunça UFC ýaryşlaryndan ýeňil agramda çykyş edýän Habib Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen tutluşygynda amerikaly Jastin Getžini 2-nji raundda ýeňmegi başardy.

32 ýaşly türgen geçiren 29 tutluşygynda hem ýeňiş gazandy. Habib bu tutluşykdan soňra beren beýanatynda işjeň sport karýerasyny tamamlajakdygyny belledi.

– Hemmeler köp sag bolsun aýdýaryn. 2008-nji ýylda bu sporta baş goýdum. 2012-nji ýylda ilkinji tutluşygyny geçirdim. UFC ýaryşlarynyň ýolbaşçylary maňa ynam bildirdi. Men Dagystanyň adaty daglyk obasynyň oglany. Doganym maňa “Google” saýtynda häzirki wagtda dünýäde iň köp pikir alyşlýan adam bolandygymy belledi. Men muňa ynanyp bilmedim. Men muny kelläme hm getirip bilmedim. Men diňe kakam bilen bu sporta başladym we çempionlyk ädimlerini ätdim. Hemme zadyň şunuň ýaly egnime düşüp biljekdigini bilmeýärdim. Eger siziň ene-ataňyz bar bolsa, onda olaryň ýanynda boluň. Meniň diňe bir hossarym galdy – ol hem ejem. Men oňa has köp wagt aýyrmagy isleýärin – diýip, belledi.

Habibiň bu tutluşygy onuň kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykandan soňra ilkinji tutluşygy boldy. Abdulmanap Nurmagomedow Russiýanyň at gazanan tälimçisi. Ol şu ýylyň iýul aýynda aradan çykypdy.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler