SPORT

Habib futbolçy bolar

Garyşyk söweş sungaty boýunça ozalky çempion russiýaly türgen Habib Nurmagomedow başga sport ugry boýunça kämilleşmegi maksat edindi. Ol özüniň önüp-ösen sebitindäki, ýagny Mahaçkaladaky “Dinamo Legion” topary bilen şertnama baglaşar. Bu barada sport neşirleri habar berýär.

Toparyň ýolbaşçysy, ozal “Terek” hem-de “Anži” ýaly toparlaryň düzüminde çykyş eden Şamil Lahiýalow bilen Habibiň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Şonuň netijesinde, Habib “Legion” toparynyň futbolçysy bolar.

Entek şertnama baglaşylmady we Habibiň bu topardan näçe gazanjakdygy mälim edilmedi. Zähmet hakyny Habibiň özi kesgitleýär.

“Legion Dinamo” topary 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu topar Russiýanyň professional futbol ligasynynda ikinji diwizionda çykyş edýär.

UFC ýaryşy boýunça çempionlyk derejesine ýeten Habib bu ýerde 2012-nji ýylda çykyş edip başlady. Iň soky tutluşygyny amerikaly Jastin Geýdžä garşy geçirip, ony hem ýeňdi we soňra karýerasyny tamamlady. Ol bu ugurda 29 tutluşygyň ählisinde ýeňiş gazanan türgendir.

Kuman “Barselonada” galýar

Ýene-de okaň

Rus türgen UFC-niň täze çempiony boldy

Artem Dzýuba – rus futbolynyň täze rekordçysy

Aşgabatda AFK-nyň zenanlar futbol güni bellenildi

Rus hokkeýçi Oweçkin taryhy rekordyna golaýlaýar

Çempionlar ligasy: “Inter”, “Bawariýa”, “Barselona” we “Liewrpul” ýeňiş gazandy

Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklarynyň netijeleri