MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” filmi rus tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy

Russiýa Federasiýasynyň Ýekaterinburg şäherindäki «Kosmos» kinokonsert merkezinde «Altydan bir» kino festiwalynyň çäginde Sahysalyh Baýramowyň režissýorlyk eden «Gyzyl kürte» çeper filminiň görkezilişi boldy. Şeýle-de bu ýerde kino forumy geçirildi we gatnaşyjy döwletleriň, şol sanda ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryna bagyşlanan sergi diwarlyklary guraldy.

Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Angliýanyň, Sloweniýanyň, Horwatiýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň kino sungatynyň ussatlary gatnaşdylar.

Sergide türkmen milli el işleri, nepis keşdelenen tahýalardyr silkme telpekler bilen bir hatarda, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kino ýazgylary görkezildi.

«Gyzyl kürte» çeper filmi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda düşürilipdir. Durmuşdan alnan bu hekaýatda ýanýoldaşy urşa giden oba gyzynyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Hatlarynyň birinde esger ýigit gelninden gyzyl kürtesini – milli bezegler bilen bezelen toý lybasyny aýyrmazlygy haýyş edýär.

Türkmenistanly kinosöýüjiler Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginde döredilen täze filme baha berip ýetişdiler. Ýurdumyzda filmiň görkezilişi şu ýylky Medeniýet hepdeliginiň çäginde bolup geçdi.  Film şu ýylyň iýul aýynda Türkiýede geçen TÜRKSOY halkara film forumynyň daşary ýurt giňişliginde-de görkezildi.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi