MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” filmi rus kino muşdaklaryna hödürlener

 Şu ýyl bellenilen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda premýerasy bolan “Gyzyl kürte” atly çeper filminiň at-owazasy dünýä dolýar. Türkmen kino muşdaklarynyň hem söýgüsini gazanan bu film golaýda Türkiýe Respublikasynda geçirilen kino forumda görkezildi.

Täze gelip gowşan habara görä, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň režissýory Sahysalyh Baýramow tarapyndan surata düşürilen “Gyzyl kürte” filmi Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara festiwala saýlanyp alyndy.

Şu ýylyň 12-17-nji awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Ýekaterinburg şäherinde halkara kino festiwaly geçiriler. Şol festiwalyň maksatnamasyna Türkmenistandan “Gyzyl kürte” filmi hem girizildi.

Bilşiňiz ýaly, «Gyzyl kürte» atly çeper filmde uruş ýyllarynda tylda ýar ojagyny saklap gelen bir zenanyň ömrüniň ahyryna çenli kürtesini başyndan aýyrman ýaşandygy bilen baglanyşykly waka janlandyrylýar.

Türkmen we türk tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan täze «Gyzyl kürte» çeper filmini halkymyza mahsus bolan milliligi, türkmen zenanynyň ýar ojagyna wepalylygyny açyp görkezýän kämil eser hasaplamak bolar.

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde «Gyzyl kürte» çeper filminiň tanyşdyrylyş dabarasyny halk köpçüligine ýetirdi. Şeýle hem halkara žurnalymyzyň “Atavatan TV Youtube” kanalynda «Gyzyl kürte» çeper filminiň aktýordyr ssenariýaçylary bilen gyzykly gepleşik ýazgy edilip, köpçülige hödürlendi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy