MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” filmi “Merkezi Aziýanyň iň gowy filmine” dalaşgär görkezildi

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filmi “Merkezi Aziýanyň iň gowy filmine” dalaşgär görkezildi.

“Ak ilbirs” atly Merkezi Aziýanyň Kinematografiýa sungaty akademiýasy “Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi” baýragynyň dalaşgärlerini yglan etdi. Şol filmleriň hatarynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginiň önümi bolan «Gyzyl kürte» filmi hem bar.

Bu baýragyň ýeňijisi 8-nji iýulda “Ak ilbirs” kino baýragyny gowşyrylyş dabarasynda mälim ediler.

Sebitiň abraýly baýragyna dalaşgär görkezilen filmler:

  • “Akyn” – režissýor Darežan Omirbayew (Gazagystan);
  • “Gyzyl kürte” – režissýor Sahysalyh Baýramow (Türkmenistan);
  • “Ewolýusiýa” – režissýor  Ýelkin Tuýçiýew (Özbegistan).

Şeýle hem bu dabarada “Ak ilbirs” kino baýragynyň beýleki ugurlar boýunça hem ýeňijileri mälim ediler.

Urşa giden söýgüli ýaryna wepaly oba gelniniň ykbaly barada gürrüň berýän “Gyzyl kürte” filmine ýakyn we uzak ýurtlaryň köpüsinde tomaşa edilendigini ýatladýarys.

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly «Gyzyl kürte» çeper filminiň tanyşdyrylyş dabarasyny ilkinjileriň hatarynda halk köpçüligine ýetiripi. Şeýle hem halkara žurnalymyzyň “Atavatan TV Youtube” kanalynda «Gyzyl kürte» çeper filminiň aktýordyr ssenariýaçylary bilen gyzykly gepleşik ýazgy edilip, köpçülige hödürlenipdi.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi