SIZDEN GELENLER

Gyzykly matematika

  • Alymlar tarapyndan iň gadymy matematiki eser Swazilendde tapylýar.
  • Ilkinji aýal matematik Aleksandriýaly Gipatiýadyr. Ýagny, şol döwürde diňe erkekler alymdy. Şol wagtlar aýallar hatda okamagy hem bilmeýärdiler.
  • XVI asyryň ortalarynda Angliýaly matematik Robert Rekord tarapyndan ilkinji gezek ,,=’’ (deňdir) belgisi ulanylýar. Robert Rekord her gezek ,,=’’  belgisi deňlemelerde “deň” sözüni ýazmakdan ýadanlygy sebäpli ulanýar.
  • «π» (Pi) belgisini miladydan öňki VI asyrda hindi matematigi Budhaýan tarapyndan oýlanyp tapylýar.
  • Kwadrat deňlemeler hindi matematigi tarapyndan biziň eramyzyň VI asyrynda döredilipdir.
  • Goşmagyň we aýyrmagyň ilkinji alamatlary 500 ýyl gowrak mundan öň edebiýatda ýüze çykdy.
  • Häzirki wagtda iň uly san sentilliondyr. Bu birlik we alty ýüz noldan durýar.
  • “Matematika” sözi grekçe “matemadan” gelip çykyp, bu “öwretmek”, “ylym”, “gözleg” manylaryny aňladýar.
  • Bütindünýä matematika güni 6-njy martda bellenilýär.
  • Taý dilinde 5-nji belgä “ha” diýilýär, käbir taýlar klawiaturasyna 555 ýerine “ha ha ha” diýip ulanylýar.
  • Rim sanlarynda ýazyp bolmaýan ýeke-täk san ,,0’’ – dyr. Gadymy rimliler ,,0’’ sanyň ýerine “nulla” sözüni ulandylar.

Taýýarlan Şatlyk PYGAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti