TEHNOLOGIÝA

Gyzykly maglumat: faks öň döräpmi ýa-da telefon?

Faks aragatnaşyk hyzmaty, aslynda, telefona bagly. Häzir ony özbaşdak işleýän hyzmat hökmünde göz öňüne getirmek kyn. Ýöne, bier bolsaňyz, faks telefondan ir oýlanyp tapylan eken. Eýsem, bu nähili bolduka?

Taryhy maglumatlara görä, faks enjamynyň prototipi 1843-nji ýylda döredilip, 1865-nji ýylda ulanylyp başlapdyr. Şol wagt Jowanni Kaselli Moskwa bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky ulgamlarda faksdan peýdalanmaga synanyşyp görüpdir.

«Pantelegraf» diýlip atlandyrylýan enjam gurşunyň plýonkasyna izolýasion laky çalmak arkaly işledilipdir. Döwrebap görnüşli faks enjamy bolsa 1964-nji ýylda peýda bolupdyr.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yewro-2020-futbol-cempionaty-badalga-alyar/

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi