BIZNES

Polipropilen sapaklar Türkiýä iberiler

Gyýanlydaky polimer gazhimiýa toplumynda öndürilýän önümler «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň ýakynda özleşdiren polipropilen sapaklarynyň önümçiligi üçin esasy çig mal boldy. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet neşirinde bellenilýär.

Sapaklaryň önümçiligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda açyldy. Bu ýerde dünýä ülňülerine jogap berýän dürli sapaklaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Kärhana tarapyndan satyn alnan öňdebaryjy Ýewropa enjamlary her gündde 22 tonna ýokary hilli propilen sapaklaryny öndürmäge niýetlenendir. Iň täze enjamlara ýaş hünärmenler erk edýärler.

Propilen sapaklary halylary we haly önümlerini taýýarlamakda ulanylýar, bu öz gezeginde olara berklik berýär we olaryň teňkini hem-de görnüşini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Bu aýratynlyklary sapaklara bolan uly islegi şertlendirýär. Şonuň üçin «Bagtyýar gurluşyk» HJ eksport ibermelerini ýola goýmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gepleşikleri geçirýär. Öndürilen önümiň ilkinji tapgyryny Türkiýä ibermek meýilleşdirilýär.

Bu ýerli kärhanalaryň döwrebap tehnologiýalaryň we iň täze tehnikalaryň esasynda täze önümçilikleri döredip, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, önümlerini daşary bazarlara hem çykarmak üçin işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň mysallarynyň biridir.

Belläp geçsek, Gyýanly polimer zawodynda tebigy gazdan öndürilýän polietilen we polipropilen içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Muňa TDHÇMB-niň söwdalaryndaky eksport satyn alyşlary şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýerli polietilenden we polipropilenden turbalaryň, plastik gaplaryň, oýnawaçlaryň, halylar dokalýan dokma sapaklary, tanaplar, gaplaýjylar we beýleki önümler öndürilýär.

«Türkmengaz» döwlet konserni daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda 2018-nji ýylyň oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumyny ulanyşa girizdi. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 386 müň tonna ýokary dykyzlykdaky polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtyň özünde, bu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden etan we propan bölünip alnandan soň, galan 4,5 mlrd kub metr harytlyk gaz gaz geçiriji ulgamlara iberilýär.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam