MEDENIÝET

Gyrgyzystanda teatr telefestiwaly geçirilýär

1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň şanyna Russiýada geçirilýän ýörişe Gyrgyz Respublikasy hem seslenýär. Ýurduň Medeniýet, maglumatlar we syýahatçylyk ministrligi Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli şu günler teatr telefestiwalyny geçirýär.

22-nji iýunda başlan festiwal 28-nji iýuna çenli dowam etdiriler. Onda ýurduň ähli teatrlary Beýik Watançylyk urşuna bagyşlap sahnalaşdyran eserlerini görkezýärler.

Bu telefestiwal ýurtda uly gyzyklanma döretdi. Täjik teleýaýlymlaryna hemra antennalary arkaly tomaşa edýänleriň arasynda hem festiwalyň muşdaklary köpeldi. Ýurduň degişli ministrlikleri koronowirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler aradan aýrylandan soňra hem şeýle telefestiwallary geçirmegiň gyrgyz teatr sungatyny jahana ýaýmakda uly mümkinçilik boljakdygyna ynanýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri