Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda «Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak we olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, gurluşyk we binagärlik pudagynda sanly ulgamyň işini ýokarlandyrmak, pudaga hususy kompaniýalary köpçülikleýin çekmek, şol bir wagtyň özünde gurluşygyň hilini yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň binagärlik, gurluşyk önümçiligi ugurlaryny ösdürmek, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň sanawy, olaryň gurluşyk işleriniň ýagdaýy we tutuş ýurdumyz boýunça gurulýan önümçilik maksatly binalar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Häzirki döwürde tutuş Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň jemi 737-si gurulýar.
Hormatly Prezidentimiz gurluşykda bolşy ýaly, elektroenergetika senagatynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilmelidigini belledi. Elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bu ulgamyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmekde wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz sebitiň ýurtlaryna, şol sanda goňşy Özbegistana elektrik energiýasyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ähmiýet berilmelidigini belledi.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyz halkara hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydyr diýip döwlet Baştutanymyz goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberleriniň artdyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmeginde bolşy ýaly, sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm şertini emele getirýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli işleri alyp barmak, onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryk berip, munuň türkmen halky tarapyndan doganlyk özbek halkyna berilýän kömek-goldawyň aýdyň nyşany boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamyna innowasiýa we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň alyp barýan gurluşyk işlerine degişli ministrligiň gözegçiliginiň ýola goýulmagy hem möhüm talap bolup durýar.
Bu ýagdaýlaryň desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz zerur işleriň anyk meýilnamasyny taýýarlamagy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan ähli täze binalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmegi, şeýle hem täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken Kararynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, degişli bäsleşik yglan edildi, oňa ýerli we daşary ýurtlaryň gurluşyk kompaniýalary gatnaşýarlar.
Ministrligiň işinde öňegidişlikleri gazanmak üçin hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň, täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmegiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ösen tejribä esaslanylmalydygyny aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz 2020-nji ýylda täze kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy, bu maksatnama bar bolan zerurlyklary hasaba almak bilen tassyklanylar. Munuň özi sanlylaşdyrmaga we bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Ähli durmuş amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni maksatly binalaryň, senagat we ulag üpjünçilik ulgamyna degişli desgalaryň sanyny artdyrmak, şoňa görä-de, bu işleriň ösdürilmegine gönükdirilen zerur çäreleri görmek ugrunda alnyp barylýan işler toplumlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmalydyr. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.