BIZNES

Gurluşyk Kadalary : Üzňelik we bezeg örtükleri

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Üzňelik we bezeg örtükleritly TGK 3.04.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary kabul edildi. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda çykaran MB-106 belgili buýrugy tassyklanan Kadalar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, gurluşyk, taslamalary düzmek, gurluşyk işleriniň bahasyny emele getirmek we çykdajy ölçegleri babatda döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini we usulyýet resminamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalar binalaryň we gurluşlaryň üzňelik, bezeg, gorag örtükleriniň we pollarynyň gurluşy boýunça işleriň önümçiliginde we kabul edilmekde ulanylmalydyr, muňa binalaryň we gurluşlaryň aýratyn ulanyş şertleri bilen şertlendirilen işler degişli däldir. Pollaryň üzňelikli, bezeg, gorag örtükleri we gurluşlary taslama laýyklykda ýerine ýetirilmelidir (taslama talaplarynyň bolmazlygynda – bezeg örtükleri etalona laýyklykda ýerine ýetirilýär). Taslamada göz öňünde tutulan materiallary, önümleri we düzümleri çalşyrmaga diňe taslama guramasy we buýrujy bilen ylalaşylandan soň rugsat berilýär. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda 1385 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan bu Kadalary okamak üçin şu ýere basyň!

 

ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy