JEMGYÝET

Gurluşyk Işlerine şu Aýda Girişmek Meýilleşdirilýär

Hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýollary gurmak, içerki we daşarky inženerçilik ulgamlaryny gurmak baradaky ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gurluşyk we binagärlik ministrligi agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suwy geçirijileriň, sil suwlaryny sowujy akabanyň hem-de içerki we daşarky ýollaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak üçin potratçylary seçip almak boýunça tapgyrlaýyn bäsleşikleri geçirdi, şonuň jemleri boýunça has amatly teklipleri hödürlän tejribeli ýerli kärhanalar saýlanyp alyndy we degişli teklipler taýýarlanyldy.

Hödürlenilen ähli taslamalar Türkmenistanda gurulýan hem-de durky täzelenilýän möhüm we aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahasyny kesgitlemek boýunça pudagara topary tarapyndan seljerildi, netijenamalar taýýarlanyldy. Gurluşyk işlerine şu aýda girişmek hem-de onuň birinji tapgyryny geljek ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda desgalary ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow pudagyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, medeni-durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli desgalaryň bellenilen möhletinde ýokary hil derejesinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek, işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ägirt uly ähmiýetini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleriniň bellenilen möhletde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän giň gerimli özgertmeler täze taryhy döwrüň özboluşly nyşany, halkymyzyň ägirt uly üstünlikleriniň hem-de ýeten sepgitleriniň alamaty bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düzümleri ösdürmek we kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmek boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmagyň, inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň hem-de olaryň gurluşygyny dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, möhüm gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine girişilende olary amala aşyrmagyň, taýýarlyk işlerinden başlap, doly ýerine ýetirilýän döwrüne çenli ähli tapgyrlaryň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, desgalary degişli ýagdaýda enjamlaşdyrmak we bellenilen möhletde ulanmaga bermek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşykda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar häzirki zaman meýilleri we milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr.

 

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär