JEMGYÝETPEÝDALY MASLAHAT

Gurluşygy tamamlanylmadyk emläk: Gerekli resminamalar

Gurluşygy tamamlanylmadyk obýekte bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň web saýtynda berilýär.

1). Arza (eýesi ýa-da wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Gurluşyk obýektiniň gurluşygy üçin ýer bölegini bölüp bermek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamasy;

4). Degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama;

5). Gurluşyk obýektiniň taslama guramasy tarapyndan berlen Gurluşygyň taslamadan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan kepilnama;

6). Tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan berilýän gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty;

7). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama;

BELLIKLER:

Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

 

Kazyýet kararlary bilen bellenen emläk: Gerekli resminamalar

 

Hususy ýaşaýyş jaýy ýykylanda onuň öwezi dolmak

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa» formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri London gazna biržasyna baryp gördüler

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistana saparyna garaşylýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Beýik Britaniýanyň Parlamentindäki duşuşyga gatnaşdy

Owganystandan Türkmenistana hoşallyk