Ozal hem habar berşimiz ýaly, Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasy açyldy.
Oňa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de köp sanly myhmanlara gatnaşdy. Myhmanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem bar.
Täze şahamçanyň açylyş dabarasynyň halkara maslahatyň işi bilen utgaşyklykda bolup geçmegi oňa gatnaşan daşary ýurtly zenanlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş etdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler toplumynyň öňündäki meýdançanyň merkezinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa edildi.
Dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklaryň ençemesine mynasyp bolan, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýan toparyň ýaş gyzlarynyň at üstündäki täsin hem çylşyrymly oýunlary daşary ýurtlardan gelen zenanlary haýran galdyrdy.
Meýdançada ýaýbaňlandyrylan milli tagamlarymyzyň sergisi türkmen saçagynyň bol-berekedini ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Ak öýleriň hatary meýdança aýratyn görk berdi. Onuň öňünde gurlan tamdyrlarda mele-myssyk çörekler bişirilip, ojaklarda toý tagamlary gaýnady.
