JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy bellener

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, ilki bilen, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarowyň we bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Wise-prezidentler ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu düzümiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň, bu ugra degişli ylmy-amaly maslahatyň, guraljak serginiň, aýry-aýry ugurlar boýunça degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýörite Maksatnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we onuň tassyklanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, Milli Liderimiz olaryň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hukuklary boýunça kanunçylyk namalarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi zerurdyr. Gahryman Arkadagymyz gaznanyň Hökümet edaralary, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen maslahatlaşyp, düzümiň işini has-da kämilleşdirmäge, zerur bolsa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly täze ugurlaryň döredilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşylmalydygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýewropanyň emeli aň boýunça toplan tejribesi peýdalydyr

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz: “Galkynyş” käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministri duşuşdy

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy