JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy iş gerimini barha ilerledýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän täze 2026-njy ýyl guwançly wakalara beslenýär. Ýylyň ilkinji aýynyň ilkinji günlerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty işe girizildi.

Resmi web-saýty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň açyklygyny, elýeterliligini üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlary üçin amatlylyk döretmek maksady bilen döredildi. Saýtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňde goýan wezipeleri, işiniň esasy ugurlary baradaky giňişleýin maglumatlar, şeýle-de habarlar we media maglumatlar ýerleşdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen bu gazna üstümizdäki ýylda özüniň döredileniniň 5 ýyllygyny belleýär.

2025-NJI ÝYLDA GAZNANYŇ IŞI BARHA ROWAÇLANDY

Geçen döwürde gaznanyň ýüzlerçe çaga kömek berip, 700-den gowrak hirurgiki operasiýalaryň hem-de dikeldiş maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegini üpjün etdi. Ýurdumyzyň içinde we halkara derejesinde onlarça haýyr-sahawat taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylda köp sanly çäreler guraldy, daşary ýurtlara saparlar amala aşyrylyp, ynsaNperwer ugurly gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşuldy. Oguljahan Atabaýewa degişli döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, şeýle hem başga-da köp sanly duşuşyklary geçirdi. Bu duşuşyklarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerine ýokary baha berlip, olaryň goldanylýandygy giňden beýan edildi.

GAZNA TÄZE ŞAHAMÇASYNY AÇDY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ahyrky aýy, ýagny dekabr aýy gazna üçin möhüm seneleriň biri boldy. Haýyr-sahawatlylygyň gözýetimlerini giňeldip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Gaznanyň Awazada şahamçasy açyldy. Açylyş dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işi boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, bu taryhy wakanyň uly ähmiýetini belläp, çagalary goldamaklyga bilim, saglygy goraýyş, medeni ösüş we jemgyýete uýgunlaşmak ýaly ugurlary öz içine toplumlaýyn çemeleşmegiň  möhümdigini nygtady.

Şeýle hem dekabr aýynda gaznanyň gurnamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Oguljahan Atabaýewa zenanyň çagada ilkinji durmuş gymmatlyklaryny kemala getirýändigini, maşgalada ynanyşmak ýagdaýyny döredýändigini, parahatçylyk, hormat goýmak we ynanyşmak medeniýetini terbiýeleýändigini aýratyn nygtap, forumyň ähmiýetini belledi.

GAZNANYŇ WISE-PREZIDENTINIŇ DAŞARY ÝURT SAPARLARY

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işi boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa 2025-nji ýylda birnäçe daşary ýurt saparlaryny amala aşyryp, gaznanyň işiniň halkara derejesinde ösdürilmegine uly goşant goşdy.

Oguljahan Atabaýewa degişli döwürde Monako Knýazlygynda, Özbegistan Respublikasynda, Azerbaýjan Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda saparda boldy.

Saparlaryň esasy maksady — agzalýan döwletler bilen ynsanperwer ugurda, hususan-da saglygy goraýyş, durmuş goragy we çagalaryň bilim berilmegi babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

“AL-ARABIÝA” TELEÝAÝLYMY BILEN SÖHBETDEŞLIK

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary esasynda 4 ýyl mundan ozal döredilip, Türkmenistanda hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşilýändigini aýdyň ýüze çykardy. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özüni türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady