Doglan ýeri: Gürgeniň Garaguzy obasy
Doglan senesi: 1800-nji ýyl
Aradan çykan senesi:1852-nji ýyl
Bilimi: Gürgen medresesi
Gysgaça maglumat:Şahyryň çyn ady-Gurbandurdy, edebi lakamy-Zelili. Zelili-zelil, horlanan, ezilen diýmekdir. Bu lakam maddy durmuş bilen baglanyşykly bolman, şahyryň ruhy ahwalyny aňladýar. Gurbandurdy Gerkez tiresinden. Şahyr juda zehinli ekeni.Ol kämillik ýaaşyna ýetmänkä, heniz daýysynyň elinde okap ýörendöwürlerinde “molla” diýlen lakamy alyp bilipdir.Zeliliniň gubyry gyzylarbat (Serdar) şäheriniň golaýyndaky Janahyr oabsynyň gonamçylygynda bolsa gerek diýip kowum-gardaşlaary aýdýarlar.
Şahsy durmuşy: Onuň kakasyna Mämmetdöwlet diýipdirler. Mämmetdöwlet Azadynyň gandüşer garyndaşy ekeni.Şahyryň ejesi Hurman bolsa Döwletmämmet Azadynyň gyzy, Magtymguly Pyragynyň süýtdeş dogany. Şeýlelikde, Zelili Azadynyň agtygy, Magtymgulynyň dogan ýegeni bolýar.Gurbandurdy Zelili ýigitlik ýyllarynda öz obadaşy Döndi diýen gyzy söýýär.Döndi hem Zelilini söýüpdir.Döwrüň ýaramaz urp-adaty bilen baglanyşykly olar barlyşyp bilmändirler.Zelili Nurgyza öýlenýär, ömrüniň ahyryna çenli onuň bilen ýaşaýar.Nurgyzdan birnäçe perzent bolupdyr, emma olaryň hemmesi ýaşlykda aradan çykýar.Zeliliniň ýogalmazyndan alty aý öň ogly bolýar. Oňa Mämmetdöwlet diýip, kakasynyň adyny dakypdyr.Mämmetdöwlet ilki Mama diýen gyza öýlenýär, ol aradan çykansoň, Hallybibi bilen durmuş gurýar. Zeliliniň ogly Mämmetdöwlet Magtymguly (Garrygala) etrabynyň Gerkez obasynda ýaşap, kakasynyň hatyrasyna bag ekipdir.Zeliliniň bagy häzir hem bar.Ol 1918-1919-njy ýyllaryň töwereginde Gerkezde dünýäden ötüpdir.
Döredijiligi: Her bir hakdan içen şahyryň edişi ýaly, Zelili hem döredijilik işine ýaşlyk ýyllaryndan başlapdyr.Bir tarapdan, sapak alan mollasynyň Magtymguly Pyragy bolmagy, beýleki tarapdan, hemişe ýoldaş bolup tirkeşen dosty Seýdyllanyň şahyr bolmagy, Zeliliniň döredijiliginiň gysga wagtyň içinde kämilleşmegine getiripdir. Şahyryň döredijiliginiň birinji döwri söýgi şygyrlaryny özünde jemleýär. Zeliliniň döredijiliginiň ikinji döwrüni otuzdan soňraky ýaşda döreden şygyrlary düzýär.
Çeşme:Edebiýat.Umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX synpy üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. Sahypa 190-195
Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa
Taýýarlanan senesi:16.04.2022 ýyl