Ady we familiýasy: Gurbandurdy Gurbansähedow
Doglan ýeri: Mary welaýaty Sakarçäge etraby Garaýap obasy
Doglan senesi: 1919-njy ýylyň 5-nji oktýabry
Aradan çykan senesi: 1992-nji ýylda
Bilimi:Aşgabatdaky mugallymçylyk instituty
Gysgaça maglumat: Gurbandurdy Gurbansähedow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, terjimeçi, edebiýatşynas.
G.Gurbansähedow döredijilik işine talyp ýyllary (1939) başlaýar. Onuň “Toýly Mergen”, “Ýürek daş däl”, “Suraý”, “Söýseň”, “Mähriban adam”, “Kyrk teňňe”, “Çakylyk”, diýen ýaly eserleri türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant boldy.G.Gurbansähedowyň “Hang”, “Jennet”, “Dökülmedik gan”, “Tawus”, “Azaşan ýigit”, “Duzuň tagamy” diýen sahna eserleri tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Onuň “Aýratyn tabşyryk”, “Soňky ýol”, “Çöl”, “Gämiçiniň jany bir” diýen çeper filmleri türkmen kino sungatyny baýlaşdyrdy. Onuň “Akmak patyşa”, “Arwah”, “Enäniň tabşyrygy” diýen ertekileri ýaş okyjylaryň söýgüli eserleri boldy.
G.Gurbansähedow ömrüniň soňky ýyllarynda “Kärizden çykan adam”, “Kesekliden” hekaýalaryny ýazýar. Bu eserler Garaşsyz Türkmenistanyň taze türkmen edebiýatynda 1937-1938-nji ýyllaryň pajygaly wakalary barada ýazylan ilkinji hekaýalaryň biri hasaplanýar.
Gurbandurdy Gurbansähedow öz halkynyň, öz döwrüniň perzendi. Onuň eserleri okyjylaryň ahlak, ynsap, lebiz, messap, gaýrat, namys duýgularyny ösdürýär.
Çeşme: G 32 Edebiýat. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-225-226
Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa
Taýýarlanan senesi: 25.04.2022 ýyl