SPORT

Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at berildi

Dagystan Respublikasynyň baştutany Sergeý Melikow geçen möwsümiň netijelerine esaslanyp, taryhynda ilkinji gezek Russiýanyň Premýer-Ligasyna (RPL) çykan Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň wekillerine döwlet sylaglaryny gowşurdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

«Klubuň prezidentiniň geňeşçisi Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at berildi» — diýlip, Respublikanyň ýolbaşçysynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Gurban Berdiýew häzir 71 ýaşynda. Türkmenistandan bolan tälimçi 2023-nji ýylyň iýulynda Mahaçkalanyň «Dinamosynyň» baş tälimçisi boldy. Şu ýylyň fewralynda tälimçilik wezipesini meýletin tabşyran tejribeli hünärmen aprelde klubuň prezidentiniň geňeşçisi wezipesinde işe başlady.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady