JEMGYÝET

Günorta Koreýanyň ulag ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Sangwo Parkyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de logistika infrastrukturasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyç taslamalaryna laýyklykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Awtoulag pudagynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikleri bellendi.

Duşuşykda şähergurluşygy, seýsmologiýa we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri