TEHNOLOGIÝA

Günorta Koreýa öz “SpaceX” şereketini döretmekçi

Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýasy ministrligi hususy kompaniýalara maliýe we tehnologiýa kömegini berip, özüniň raketa-göterijilerini işläp düzümegi meýilleşdirýär. Bu ugurda ABŞ-nyň, ýagny dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan Ilon Maskyň “SpaceX” şereketine bäsdeş kompaniýa döretmegi göz öňünde tutýar.

Munuň üçin ministrlik 2027-nji ýyla çenli 27,8 milliard won (22.5 mln $) maliýe serişdelerini gönükdirmegi maksat edinýär.

– Maliýe serişdeleri iki basgançakly ýeňil kysymly raketa-göterijileri öndürmekde hususy kompaniýalara goldaw bermek üçin ulanylar, işläp düzüjilere degişli tehnologiýalar berler – diýlip bellenilýär.

Taslama gatnaşmak üçin üç kompaniýa saýlanar we şondan soň, olaryň arasynda raketany dizaýn etjek biri saýlanyp alnar.

Hökümetiň esasy maksady kosmos tehnologiýalaryny öndüriji ABŞ-nyň kompaniýasy bolan “SpaceX” -iň Günorta Koreýadaky meňzeş şereketini döretmekden ybaratdyr.

Günorta koreýaly alymlar raketa-göterijileri 2010-njy ýyldan bäri işläp düzýärler. Taslama üçin 2 trillion won (1,79 milliard dollar) bölünip berildi. 2022-nji ýylyň maý aýynda “Nuri” diýlip atlandyrylan raketa-göterijiniň kömegi bilen 200 kilogramlyk emeli hemrany orbita uçurmak meýilleşdirilýär.

 

Eýranyň ilkinji elektrik awtobusy

Ýene-de okaň

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama

«Bir penjire» ulgamy: 120 müňe golaý resminama elektron görnüşde resmileşdirildi

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw