JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Gündelik Täleýnama: 11-nji Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Ýyldyzlar näme diýýär? Bu soragyň jogaby köpleri gyzyklandyýan bolsa gerek. Biz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň   www.atavatan-turkmenistan.com     saýty  bolup  geçen ýyl her bir ýyldyzyň özüne mahsus bolan häsiýetnamalaryny  okyjylaryna ýetirdik. Biz düýn ýyldyzlar baradaky maglumatlary aýratyn bir habar hökmünde jemläp Size ýetiripdik. Siz ähli ýyldyzlar baradaky habarlary aşakda berilýän linkiň üstüne basyp okap bilersiňiz!

Biz şeýle hem ýyldyzlar baradaky maglumatlary hepdelik häsiýetlendirmeler hökmünde saýta ýerleşdirdik. Indi bolsa, bu maglumatlary gündelik görnüşde okyjylarymyza ýetirmegi meýilleşdirýäris. Maglumatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby  Mähriban Hudaýgulyýewa taýýarlady. Geliň indi bu maglumatlary bilelikde okaýlyň!

Bellemeli zat, Siz islän ýyldyzyňyz suratynyň üstüne basyp ol ýyldyzlar baradaky maglumatlary has giňişleýin okap bilersiňiz!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar üçin professional we şahsy üstünligiň syry – pozitiw pikirlenmeklikdir. Gowy zatlar barada pikirlenmeklik bilen siz položitel wakalary, ýagdaýlary özüňize çekersiňiz. Ýa-da tersine, erbet zatlar barada pikirlenseňiz şowsuzlyga uçramagyňyz ahmaldyr.

 

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Ýaşuly garyndaşlaryňyza üns bermek, elbetde, hemişe-de zerur. Emma bu gün muňa has uly ähmiýet bermelisiňiz: olara myhmançylyga gidiň, eger beýle mümkinçilik bolmasa, iň bolmanda jaň ediň we uzagrak gürleşiň.

 

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bir wagtyň dowamynda birnäçe işe ýapyşmaň. Beýle etseňiz, nakylda aýdylyşy ýaly, azdan galmagyňyzam ahmaldyr. Iň wajyp işi saýlap, diňe şonuň üstünde işlemek zerurdyr.

 

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün diýseň köp bolmagy gaty ähtimal bolan şowsuzlyklara garşy iň gowy serişde – irginsiz zähmet çekmeklikdir. Özü-de agram näçe köp boldugy-ça şonça-da işiňiz şowuna bolar.

 

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Işden boş wagtlaryny ýyldyzlar esetlere köne dostlarynyň arasynda geçirmekligi maslahat berýär. Bu onlaýn görnüşinde bolsa-da, ýakymly ýatlamalaryň kömegi bilen diýseň köp položitel täsirleri berer.

 

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbülelere öz-özüni tankytlamaklygy maslahat berilmeýär. Eger siz bu gün öz şowsuzlyklaryňyzyň üstünde işlemek, olaryň sebäplerini agtarmak zerur diýip pikir edýänem bolsaňyz, beýle etmeklik özüňize bolan bahaňyzyň peselmegine we şeýlelikde şowsuzlyga uçramagyňyza elter.

 

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Täze işe başlanyňyzda öz güýjüňizi doly seljeriň. Siziň güýjüňiz uzak menzile çydamly bolmalydyr. Bolmasa, başlan işiňizi ýarty ýolda goýmagyňyz ahmal. Bu bolsa size ne abraý berer, ne-de özüňizi kämilleşdirmäge kömek eder.

 

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu güni, elbetde siziň şeýle mümkinçiligiňiz bar bolsa, tebigatda geçirmek zerur. Bu siziň diňe bir keýpiňizi açman, eýsem täze güýç-kuwwat berer.

 

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Durmuş maksatlaryny saýlanyňyzda diňe özüňiz üçin zerur görünýän zatlarda saklanyň. Köpüň halaýan, bellibir kada öwrülen zatlary başgalara goýuň. Bu size peýda hem, lezzet hem getirmez.

 

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün arzuwlaryň amala aşmak häsiýetiniň bardygyny ýatlamak gerek. Bu gün şeýlebir çynyňyz bilen, edil isleýän zadyňyzy arzuw ediň. Çünki soňundan islän zadyňyzy däl-de başga zatlara eýe bolup kösenmegiňiz ahmal.

 

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Möhüm kararlara gelmeklik üçin gaty bir gowy gün däldir. Wakalara ýalňyş baha bermeklik nädogry netijelere getirip biler.

 

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Şu gün kelläňize gelýän pikirlere üns bermegiňiz zerurdyr. Käriňize, ýa şahsy durmuşyňyza degişli bolsun tapawudy ýok, olaryň käbirleri durmuşa geçirilmäge mynasyp bolup biler.

 

Atavatan Krosswordy ilkinji bolup Çözüň: Sowgady utuň!

Ýyldyzlar näme diýýär: Täleýnama barada maglumatlar

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi