Hormatly okyjylarymyz!
Şeýle-de, mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün gezelenç etmek, fiziki işjeňlik, operasiýalar we gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly meseleleri gözmek üçin gowy gündür. Size iş we şahsy duşuşyklar garaşýar. Bu günüňizi ýan-ýoldaşyňyza, maşgalaňyza we ojagyňyza bagyşlamaly bolmagyňyz ahmal. Özüňize we ýakynlaryňyza kiçiräk baýramçylyk guraň, çagalaryňyz bilen wagt geçirmek size aýratyn şatlyk berer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Gün gyzykly wakalardan, şahsy durmuşyňyzdaky garaşylmadyk öwrülişiklerden doly bolar. Siziň alçaklylygyňyz has-da öser. Söýgi gatnaşyklaryňyz size şatlhk we öz işleriňize bolan ynamlylyk getirer. Siziň öz stiliňiz, durmuşa bolan şahsy garaýyşlaryňyz bar. Olary-da öz ýaryňyzyň kabul etmegini gazanyň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Siziň durmuş potensialyňyz iň ýokary derejesinde ýerleşýär. Emma, planetalaryň oňaýsyz ýerleşmegi siziň pikirleriňiziň amala aşmagyna päsgel berer we düşünişmezlikleriň bolmagyna getirer. Siziň diýseň emosional bolmagyňyz ahmal. Duýgularyňyza erk etmegi başaryň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Siziň özüňize uly ynamyňyz bar. Bu bolsa has-da uly üstünliklere ýetmegiňize kömek eder. Ýyldyzlar size täze zatlary edinjekdigiňize, rysgalyňyzyň has-da köpeljekdigine güwä geçýär. Siziň geljekki hepde üçin maksatlaryňyzy dogry ýerleşdirmegiňiz zerur.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Siziň öňdengörüjilik ukybyňyz artar. Duýgularyňyzy görkezeniňizde paýhasly, hatda gödegräk boluň. Bu size üns berýän zadyňyzy doly öwrenmegiňize kömek eder. Söýgüde paýhaslylygy elden bermäň. Ýedi ölçäp bir kesiň. Meselelere dogruçyl baha bermegiňiz kynçylyklaryň öňüni alar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Aktiw, döredijilik güni. Bu gün söýgi meselesinde size uly üstünlikler garaşýar. Ykbalyňyza täsir etjek kararlara gelmeklik maslahat berilenok. Döredijilik meslesinde bolsa, ýyldyzlar size üstünlikleri kepil geçýär. Bu gün ýolbaşçylar, täsirli adamlar bilen duşuşyklary geçirseňiz, üstünlik hemraňyz bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Siziň durmuşyňyz ösüşiň täze tapgyryna çykar. Size täze işler, adamlar bilen täze gatnaşyklar garaşýar. Bu gün täze işlere başlamaklyk, uzak möhletli meýilnamalary düzmeklik, duşuşyklary amala aşyrmaklyk üçin diýseň oňaýly gündür. Islendik, hatda gorkuly başlangyçlar hem gowy girdeji getirer. Siziň jemgyýetçilik derejäňizi üýtgetmeli bolmagyňyz hem ahmaldyr. Düýşleri bolsa bu gün tersine ýormaklyk maslahat berilýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün kollektiw bilen gürrüňdeşlikler, toparlaýyn çäreler peýdalydyr. Pikirleriňizi amala aşyrmak, şatlanmak üçin gowy güdür. Daş-töweregiňizdäkilere ünssüz bolmak, gaharjaňlyk bu gün size hiç hili maslahat berilenok. Siziň özüňizi saklamagy başarmagyňyz, wakalara dogry baha bermegiňiz indiki işleriňiziň we başlangyçlaryňyzyň şowlulygynyň özenidir.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary