Hormatly okyjylarymyz!
Mähriban okyjylar! Size bagt ýyldyzyňyzyň nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 16-njy maýdaky täleýnamaňyzy okamagy maslahat berýäris. Çünki ýyldyzlaryň geljegimiz, şowlulyklarymyz barada diýseň köp zatlary aýdyp bilýändigi hemmelere mälimdir.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Siziň bu günüňiz başagaýlyk bilen geçer. Özüňizi has gowy tarapdan görkezmek üçin diýseň gowy pursat geler. Ähli ýüze çykýan soraglary parahatçylyk ýoly bilen çözjek boluň. Söýgüde diýseň ünsli boluň. Käbir ýagdaýda öz islegleriňizi basmaly ýerleriň-de bolýandygyny ýatdan çykarmaň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Ähli başlangyçlaryňyzyň şowlulyklary saýlan maksadyňyza baglydyr. Şonuň üçin-de hereket edip başlamazdan öňürti ýüz gezek pikirleniň. Bu iş meselesinde-de, söýgüde-de diýseň peýdalydyr. Söýgüli adamlaryňyza ownuk meselelerde yrsaramaň, jedellerden gaça duruň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Işiňizde we şahsy durmuşyňyzda uly üýtgeşiklikleriň bolmagyna garaşylýar. Olaryň gowy tarapdan üýtgejekdigine bolsa, şübhe ýokdur. Gyzykly we peýdaly tanyşlyklaryň bolmagyna garaşylýar. Ýöne pul meslesi ünsli bolmaklygy talap edýär. Çakdanaşa köp sowunmak býujetiňize ýaramaz täsirini ýetirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Aktiw boluň, jogapkärçiligiňizi öz eliňize alyň we maksadaokgunlylyk bilen hereket ediň. Maksadyňyzyň durmuşyň haýsy ugruna degişlidigine garamazdan özüňize ynamly boluň. Içiňizi gysdyryp oturmaň. Köpçülige çykyň we ýeňil, geljegi bolmadyk gatnaşyklardan gaça duruň. Kömege mätäçlere kömek etjek boluň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Maglumat toplamak, möhüm kagyzlara gol çekmek, ylalaşyk baglanyşmak üçin diýseň gowy wagt. Emma ähli zady howlukmazdan ediň we “Ýedi ölçäp bir kesiň”. Ýeterlik sebäpler bolmazdan hiç kime hiç zady söz bermäň. Ajy söz bilen adamlaryň göwnüne degmejek boluň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün gaty bir uly üýtgeşiklikleriň bolmagyna garaşylmaýar. Emma bu, iki eliňizi goýup, hiç zat etmezden oturmalydygyny aňlatmaýar. Peýdaly gepleşikler, maglumat toplamak, gezelenç etmek, peýdaly tanyşlyklary açmak üçin gowy gün. Ýakyn we söýgüli adamlaryňyzdan goldaw tapyp bilersiňiz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün täze meýilnamalary, pikirleri amala aşyrmak üçin gowy gün. Zähmetsöýerlik we altyn ortalygy tapmaklyk güýji bu wagt sizde diýseň köpdür. Ýüregiňize ýakyn adam bilen gatnaşyklaryňyzda hiç hili erbetlikleriň bolmagyna garaşylmaýar. Saglygyňyzyň ýagdaýyna ünsli boluň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Durmuşyňyzy üýtgetjek kararlara gelmäň. Söýgi meselesinde ýaramazlyklaryň bolmagy ahmal. Häzir durmuşyňyza öňden bäri özüňize ýakyn hasaplap gelýän adamyňyzy salmak üçin diýseň gowy wagtdyr. Siz ol adam bilen baglanyşykly meslelerde obýektiwligiňizi saklaman bilersiňiz. Bu bolsa, köp zatlary üýtgeder.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Siz öňden bäri başlamaga ýaýdanyp ýören işiňize girişmegiňiz mümkin. Eger kimdir biri sizden kömek sorap gelse, elbetde, eger mümkinçiligiňiz bar bolsa, onuň haýyştyny ret etmäň. Uly çykdajylardan gaça duruň. Nesýe almak, karzyna pul bermek üçin gowy wagt däldir.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Zähmet durmuşyňyzda bolşy ýaly, söýgi gatnaşyklaryňyzda-da şowly günler dowam edýär. Siz täze güýç-kuwwat bilen islendik işe baş goşup bilersiňiz. Eger-de käbir duşuşyklar amala aşyrylyp bilmeýän bolsa, diýmek şeýle hem bolmalydyr. Öz söýgüli adamyňyz bilen köpräk wagt geçirjek boluň.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Özüňize erkinlik bermäň, bolmasa zähmetiňizde kynçylyklaryň bolmagy ahmal. Sizi işiňizde ýa-da şahsy durmuşyňyzda boljak ýaramazlyklar gynandyryp biler. Bu gün saglygyňyza aýratyn üns bermegiňiz zerurdyr. Özüňize gowja serediň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün maglumat gözlemek, daş-töweregiňizdäkiler bilen maslahatlaşmak, birek-birege kömek etmek zerurdyr. Özüňize gymmatly adamlara üns beriň, kömek ediň. Çünki yzyna haýsydyr bir gowy, ýakymly zadyň gaýdyp gelmegi ahmal. Saglygyňyzyň ýagdaýyna üns beriň, dogry iýmitleniň. Sport bilen meşgullanmak size uly kömek eder.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.