JEMGYÝET

Gün urmadan goranalyň

Tomus paslynyň golaýlamagy bilen ýiti Gün şöhlesini emele getirýär. Käwagtlar tomus paslynyň ýiti Gün şöhlesi adamlarda gün urma hadysasyny emele getirýär. Biz hem gündelik neşirlere salgylanyp gün urma hadysasynyň öňüni almak bilen bagly käbir maslahatlary size ýetirýäris.

Gün sagdynlygyň tebigy çeşmesi hasaplanýar. Ynsan Günsüz oňup bilmeýär, emma onuň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini unutmaly däldiris.

***

Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda adamlara, aýratyn-da, çagalara uzak durmak, gezmek we oýnamak maslahat berilmeýär.

***

Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranmagyň kadalaryny berjaý etmelidiris.

***

Gündiziň jöwzaly yssysynda çagalara daşarda oýnamaklyga ýada gezelenç etmeklige rugsat bermeli däldir.

***

Günüň aşagynda işlenilen halatynda Gün urmadan goranmak üçin ak-açyk reňkli egin-eşik, başyňa başgap geýmeklik, şeýle-de göreji Gün şöhlesinden goramak üçin Günden goraýjy äýnekleri dakynmaklyk möhümdir.

***

Lukmanlar tomus aýlarynda günüň dowamynda adamlara bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak üçin 2,5 — 3 litre golaý arassa agyz suwuny içmekligi we günortanlyk Günüň has gyzýan wagtynda daşary çykmakdan saklanmaklygy maslahat berýärler.

***

Ýatda saklaň! Gün uranda umumy ysgynsyzlyk, güýçli kellagyry, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň ýygylaşmagy, gözüň garaňkylamagy we gaýtarma ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar ýüze çykanda haýal etmän lukmana ýüz tutuň!

Ýene-de okaň

Özbek Liderinden Milli Liderimize minnetdarlyk haty

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti Awazadaky forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

“Makul habar” elektron gazeti: BMG-niň Awaza forumyna bagyşlanan ýörite sany

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi

BMG-niň Awaza forumy tamamlandy: deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin täze durmuşyň başlangyjy boldy