Gün energiýasyndan peýdalanmakda Türkmenistanda örän uly mümkinçilik bar. Çünki Türkmenistanda ýylyň 365 gününiň 300-den gowragy güneşli bolup, gije bilen gündiziň ýagty wagty 12 — 14 sagada barabardyr ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.
Mälim bolşy ýaly, 9-njy iýulda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzda giňden peýdalanmak hem-de oňa halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Energiýanyň «ýaşyl» çeşmelerini ösdürmek boýunça milli strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagynyň bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de olary peýdalanmak arkaly elektrik we ýylylyk energiýasynyň ulanylyşyny we sarp edilişini kesgitlemäge, ýurdumyzda energiýa serişdeleriniň çykarylyşyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, merkezden uzakdaky ilatly ýerleri arassa we amatly energiýa serişdeleri bilen üpjün etmäge, zyýanly gazlaryň atmosfera aralaşmagynyň derejesini azaltmaga, iň esasysy bolsa, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigi ikuçsuzdyr.
Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda kabul eden Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny we bütin adamzadyň geljekki ykbalyna dahylly işlere jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene bir ýola tassyklaýan görkezijidir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Milli agentligi döretmek hem-de Türkmenistany 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin IRENA agentliginiň Geňeşine saýlanmagy üçin hödürlemek babatdaky teklipleriniň hem giňden goldanyljakdygyny uly ynam bilen aýtmak bolar.