SIZDEN GELENLER

Güllerden döredilen ajaýyp “Gudratlar bagy”

Dünýädäki iň uly gül bagy bolan “Gudratlar bagy” Dubaý şäherinde ýerleşýär. Bu ajaýyp bagda 45 dürli görnüşli 45 milliondan gowrak güller bar. Bu gözellikleriň ählisi özboluşly şekilleriň üsti bilen gurşalandyr. Syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýeri bolan bu täsin bag Dubaýyň eko-syýahatçylygy ösdürmek babatdaky amala aşyran taslamasydyr. Bagyň meýdany 72 inedördül kilometre barabardyr. Çägeli çölüň meýdanynda ýerleşdirilen bag damjalaýyn usulda suwarylýar. Gyş möwsüminde bag myhmanlar üçin mydama açykdyr, sebäbi şu möwsüm onda ýerleşdirilen ähli ösümlikler üçin amatly möwsümdir. Tomsuň jöwzaly yssysynda howanyň temperaturasy 40 dereje ýokarlananda “gudratlar bagy” ýapylýar. Şäheriň “AKAR” atly ýörite abadanlaşdyryş topary bagy tutuşlygyna gowy saklamak üçin gije-gündiziň dowamynda zähmet çekýarler. Dubaýyň ajaýyp gül bagy ýylyň dowamynda azyndan bir million adamy özüne çekýär we bu görkeziji günsaýyn artmagyny dowam etdirýär. Ajaýyp seýilgäh 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda açylyp, ol syýahatçylar üçin her gün, hatda dynç günleri hem açykdyr. Bagyň tutuş meýdanynda ýüzlerçe bezelen gül düşekleri, dürli şekiller, gül piramidajyklary, beýikligi 15 metr bolan gül sagady we beýleki dizaýnlar ýerleşdirilen. Bu dizaýnlar belli bir wagtdan üýtgedilip durulýar. Bu bolsa bagyň myhmanlarynda has-da uly gyzyklanma döredýär. Gül bagynyň esasy özüne çekiji ýeri-de Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan dünýäniň iň uzyn gül diwarydyr. Şeýle-de bagda ýörite dükanlar, güýmenjeler bölümi, söwda nokatlary, restoranlar syýahatçylary garşy alýar. Ýakynda bu ýerde dürli görnüşli kebelekli 9 gümmezden ybarat “Kebelekler bagy” açylyp, tiz wagtdan bu ýerde “Kebelekler muzeýiniň” hem açylmagyna garaşylýar. Ýüregi rahatlyk we şatlyk bilen doldurýan behişdi gözelliklere eýe bolan “Gudratlar bagynyň” şeýle ajaýyplygy onuň meşhurlygyny has-da artdyrýar.

Mährijemal Amanowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Bitkoin ilkinji gezek milli pul birligine öwrülýär

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika