SIZDEN GELENLER

Güller şatlyk paýlaýar

Gyzyl, sary, ýaşyl, ak, mawy, melewşe reňkleri özünde jemleýän al-elwan güller diňe bir hoşboý yslary bilen däl, eýsem, göze ýakymly reňkleri bilen hem bagtyýar göwünlere süýji arzuwlary, ruhubelentligi bagyşlaýar. Güller goja zeminiň, bagtyýar günlerimiziň, toý-baýramlarymyzyň bezegi.

Olaryň ählisi adamlaryň göwnüni göterip, şatlygyna şatlyk goşýar. Şonuň üçinem, toý-baýramlarda adamlar bir-birine owadan gülleri sowgat berýärler. “Göz görmekden doýmaz, adam — bilmekden” diýlişi ýaly, gül hem adama berlen eşretleriň biri. Ol diňe bir tebigatymyzy bezemek bilen çäklenmän, eýsem, ruhy dünýämizi hem baýlaşdyrýar.

Güller – ömrüniň ähli döwürlerinde adama ýoldaş tebigatyň ajaýyp döredijiligidir. Dürli gülleriň dürli nyşanlary bar, söýgi, wepalylyk, dostluk we hormat. Bägül, sakura, orhideýa, kannes, ajaýyp disentra, lotus, çigildem, lilliýa, kalla ýaly güller iň owadan we ajaýyp güller hasaplanýar.

Açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky bag­lar­da hem-de öý şert­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bä­gül­le­riň örän köp gör­nü­şi bar. Ýa­kym­ly ysy bo­lan­dy­gy üçin bä­gü­lüň gül ýap­rak­la­ry kos­me­ti­ka we azyk se­na­ga­tyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Bä­gü­lüň gül ýap­rak­la­ryn­dan şer­bet, mü­rep­be taý­ýar­lan­ýar. Owa­dan gül­li bol­ma­gy üçin köp ideg ta­lap ed­ýä bägülüň ar­tyk­maç şa­ha­la­ry­ny, sa­ra­lan ýap­rak­la­ry­ny wagt­ly-wag­tyn­da ke­sip dur­ýar­lar. Bu gül­ler güýz pas­lyn­da has owa­dan gö­rün­ýär. Ide­gi ýe­ten bä­gül güý­züň ser­gin gün­le­rin­de öz owa­dan gül­le­ri­ni eçil­ýär.

  • Gijelerine güller öz köpeliş organlaryny sowuk howadan we çygdan goramak üçin ýapylýarlar
  • Ýer togalagynyň iň kiçijik gülü, diametri bary-ýogy 1 mm ýetýän rýaska maşgalasyna degişli güllerdir.
  • Iň uly gül tropiki ýurtlarda ösýän Raffleziýa Arnolddyr. Gülüň diametri 1 kg, agramy 8 kg.
  • Arylaryň ultramelewşe şöhlesinde görüp bilýändigi sebäpli gülleri nektar bilen we aňsatlyk bilen tapawutlandyryp bilerler.
  • Jümjüme nektaryny ýagyşdan goramak üçin hemişe aşak seredýärler.
  • Ýer togalagynyň iň uly suw liliýasy – Wiktoriýa Amazonkasydyr, diametri 2 m-den geçip biler. Bu ullakan gül 30 kg-dan gowrak agramy çydap bilýär.
  • Soňky gözlegler gülleriň adamlara başgaça täsir edýändigini görkezdi. Bularyň hemmesi bir ýa-da başga biriniň olara nähili garamagyna baglydyr.
  • Dünýäniň iň gymmat güli altyn orhideýadyr.
  • Dünýäniň iň uzyn güli amorfofallusdyr. Ol Indoneziýanyň territoriýasynda ösýär. Onuň beýikligi 3 metre ýetýär we gülüň ýapragynyň ini 1 metre barabardyr.

Alyşir Baýramow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň  talyby.

 

Tokaýlar we agaçlar barada…

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika