MEDENIÝET

Güller gözelligi sizden öwrenýär…

Biziň mähriban enelerimiz, gelinlerimiz türkmen neslini dowamat-dowam edýän ynsan. Ynsanyň asuda,  parahat ýaşamagy üçin ähli zerur şertleriň – arassa asmanyň, agzybirligiň parahatlygyň, nurly güneşiň zerur bolşy ýaly, çaga wagtyňam ulalanyňda-da durmuşyňy bezeýän, özgerdýän iň mähriban ynsan – enedir. Mähriban ene diýmek, zenan diýmek päkligi, arassalygy, mähribanlygy söýgini özünde jemleýär. Zandy asylzadalykdan gaýdýan türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepa-ygrary, perzentlerine bolan hamraklygy barada gürrüň edilip gelinýär. Ýaňy bir ulugyzlyga ýetişip barýarkak, enem bize el işini edip otyrkak gyz maşgalanyň asylly, usully, päkize, ýar ojagyna wepaly-ygrarly bolmalydygyny ündärdi. Bir gezek ol öz enesinden eşiden ýar ojagyna wepaly gelin hakyndaky bir rowaýaty aýdyp beripdi.

Gadym wagtlarda biriniň ýetişip oturan gyzy obanyň gyrasyna çöpleme-çoplemäne gidipdir. Ol  gyz çöpleme çöpläp ýörkä, Aýuw  (ol dag adamsy, dagda ýaşaýar eken şonuň üçin Aýuw diýip atlandyrylypdyr)  atly  biri  alyp  gidipdir. Ol gyz wagty bilen öýüne dolanmansoň, ejesi-kakasy howsala düşüp başalapdyr. Gyzyň doganlary gözlemäge başlapdyrlar. Doganlar gyz uýalaryny birnäçe wagt gözlapdirler, emma ol gyzy gören-bilen adam bolmandyr. Bular şeýdip ahyry gözlemegini bes edýärler. Ara esli wagt düşüp, aý-aýlanyp, ýyllar geçipdir.  Gyzdan welin, habar-derek bolmandyr. Günleriň  bir  güni ýaňky gyzyň dogany aw üçin daga gidýär, ýigit iki dagyň arasyndan geçýän inçejik ýodajyk bilen gelýärkä, iki sany oýnap ýören çagajyga gözi düşüp haýran galýar.  “Be-e bu daga, bu ýerlere çagalar nireden geldikä?” diýip oýlanan ýigit haýran galmak bilen ýuwaşjadan bulara golaý gelýär.  Ýigidi gören çagalar ylgaşyp gowagyň içine girýärler. Muny görüp, has-da bilesigesilijigi artyp, çagalayň yzyndan gowaga girýär. Görse, gowagyň içinde çyp-ýalaňaçja çagalar oýnaşyp otyrlar. Bu ýigidi gören çagalar birhili gorkuly ýagdaýda ejelerine tarap dykylypdyrlar. Köneje çuwalyň üstünde ojaga ot salyp oturan gyzyň gözi birden gowagyň agzynda duran doganyna düşýär. Gyz doganyny görenden ylgap turup doganynyň boýnuna böküp, aglap başlapdyr. Birsalymdanam “Waý doganjygym, gel, gel, ine, geç, şu ýere ojagyň başyna!  Otur, men saňa hyzmat edeýin” diýip doganjygyny öýüniň törüne çagyrypdyr. Çagajyklaryny bagryna basyp, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, başyndan geçiren wakasyny birin-birin beýan edipdir. Gowagyň içi garaňky hem dar eken. Ýigidiň bu ýerde dyzyny epesi gelmändir. Ol derrew gyz uýasyny atyň syrtyna çekip, alyp gaýtjak bolupdyr. Gyz uýasy bolsa: “Ja-an dogan! Daş ýerden gopdy, indi meni gozgama, öýümden, çagalarymdan aýyrma!” diýip, bagyryp aglap başlapdyr. Indi meni oba eltip, ak köşge salsaňam, gözüme şu gowakça görünmez. Çagajyklarymyň keşbi ölsemem gözümiň öňünden gitmez. Bal berseňem zäher bor, üstüme ýüpek ýapsaňam, endamyma tiken bolup dürtüler. Şu çagajyklarymyň hatyrasyna, şu ýanyp duran ojagymyň hatyrasyna maňa azar berme, dogan! Ýyly ýerimden gozgama” diýip, görgüli edil özeninden oklar geçen ýaly özelenipdir. Çagajyklaram bir zat aňan ýaly, ejesiniň her haýsy bir çigninden ýapyşyp, çirkin-çirkin  bir gygyryşypdyrlar, ýigidem nätsin dogany-da! Ahy-perýatlaryň birine-de gulak gabartman uýasyny atyň syrtyna çekipdir-de gaýdyberipdir. Çagajyklaram ejeleri gözden ýitýänçä, ýykylyp-sürşüp, emedekleşip, daşdan-daşa böküşip, esli ýere çenli çyrlaşyp yzlaryndan galmandyrlar. Ýaňky gyzam ellerini yza sere-sere: “Çagalam–eý, balalam–eý! Guzyjyklarym-a, köşejiklerim-ä! Aýuw-a-aý, öýüm-aý” diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrypdyr. Aýuw sesimi eşidip, bir ýerden çykmazmyka, meni bu doňýürek doganyň elinden alyp galaýmazmyka?” diýip, umyt edipdir. Şeýdip zarynlap, barşyna ýaňky gyz maýyny tapypdyr-da atdan syrylyp düşüp, aýaklaryna tiken çümdürip, dabanlaryny daşa gyýdyryp yzyna tarap gaçypdyr.  Dogany bolsa bir demde  at  segredip  yzyndan  ýetipdir-de,  ýüzüniň  ugruna  gyzy  ýene-de  atyň ardyna  çekipdir.  Gyz welin şondan soňam agasyndan galjak bolup, ojagyny taşlap gaýtmajak bolup, şeýlebir zarynlap: “Goýber doganjygym galaýyn, ojagyma otlar salaýyn! Ümürdumanymdan aýryldym, dat –eý! Sopydigerimden aýryldym boý-eý!” ýalbarypdyr.  Elbetde, doganam doňbagyr dälle o görgülem gyz uýasyny äkidip,  agyr hasratda gezip  ýören eje-kakasyny begendirjek-dä, uýasynyň nalasyna dözmese-de alyp gidipdir.  Ýigit  öýüne gelip,  atdan böküp düşüp, eje-kaka ýitigimiz tapyldy, uýamyz tapyldy diýip, begenç bilen buşlapdyr.  Gyzyň ata-enesi biçäreler şeýle bir begenipdirler welin, söz bilen beýan eder ýaly däl.  Obany  üýşürip,  begenip  toý  tutupdyrlar. Emma gyzyň welin toý bilenem, dogan-gardaş bilenem seri bolmandyr. Gyz üçin bu durmuşyň gyzygyn gaçypdyr.  Ol her gün aý-aýdyň gijeleri  il ýatyp,  it uklansoň  öýden çykyp gidip, jahan ýagtylyp barýarka yzyna gelýär eken.  Uýasynyň  gelýänini gören ýigit  bir zady duýan ýaly bolýar-da, şol gün agşam gyzyň yzyna düşüp, garaba-gara gidiberýär. Ýaňky gyz obadan ep-esli saýlanyp, bir beýik depäniň üstüne çykyp, asmandaky Aýa seredip:

Şu aýyň ýagtysyny,

Ümürduman janam görýändir,

Şu aýyň ýagtysyny

Sopydigär janam görýändir.

Aýuw idi – ärim idi.

Ýykyk  idi – ýumruk idi – öýüm idi,

Aýuw-uw-w, Aýuw-uw-w!!!

Öýümu-uw-w, öýüm-uw-w!!!

diýip, ýüregiňi gyýyp barýan zaryn owaz bilen gözlerinden boýur-boýur ýaşlar döküp,  şeýle bir gamgyn aýdymlar aýdypdyr welin, ony biperwaý diňlemek mümkin däl eken. Şol agyly aýdymlary diňläp, duran ýigidiňem gözünden ajy ýaşlar gaýdypdyr ol: “Bä men uýamy alyp gaýdyp gaty telek iş edipdirin-ow, men oňarmandyryn-ow” diýip gaty gynanypdyr, puşman edipdir. Ýigit  ertesi irden turup, atyny eýerläpdir-de,  gyz uýasynam  atyň syrtyna mündürip şo-ol öňküje alyp gaýdan ýerine, gowagyň agzyna düşürüp gaýdypdyr.  Gyz  doganyna müňde bir alkyş  okap, gowagyň içine kürsäp giripdir. Görse Aýuw görgüli gaýgy-gamdan ýaňa saralyp-solup, ýetim galan çagajyklaryny bagryna basyp, bir burçda daşa ýassanyp  ýatan  ekeni.  Ejeleriniň gelenini görüp, Ümürduman bilen Sopydiger şeýle bir begenişipdirler, şeýle bir bökjekleşipdirler çagajyklaryň hoş owazlary ýigidiň  tä-ä oba gelýänçä gulagyna gelip durupdyr.

Şu  rowaýatdan görnüşi ýaly mähriban zenanlar, eneler, güler ýüzli gelinler siziň barlygyňyzda, asuda asmanyň astynda, gülleýän zeminiň üstünde, güller gözelligi  sizden öwrenýär,  bagtly ýaşaýyş gözbaşy sizden alýar.

Şeýle asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, işlemäge şert döredip berýän, biz zenanlar üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem  Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülöwser Rahmanowa,

Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbantäç Alaýewa 103 ýaşynda

Türkmenabatda üç günlük sirk şowhuny başlady

Latwiýa gazanan ilkinji “Oskaryny” baýram edýär

Moskwanyň haýwanat bagynyň rekordy

“Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni giňden belleniler