JEMGYÝET

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýew bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky bar bolan ykdysady gatnaşyklary we geljekki hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns ulag, logistika, energetika we daşary söwda ugurlaryna gönükdirildi. Duşuşykda Gruziýanyň Türkmenistan bilen logistika we ulag ulgamyndaky işjeň hyzmatdaşlygy goldaýandygy hem-de üznüksiz ýük we ýolagçy gatnawyny ösdürmäge taýýardygy bellenildi.

Şeýle hem Gruziýanyň portlaryna barýan ýük akymyny artdyrmak meselesi maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Gruziýanyň portlarynyň golaýynda ammar-logistika infrastrukturasyny ösdürmäge we bu ugra maýa goýmaga gyzyklanma bildirýär. Şol maksat bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna baryp görmegi we degişli infrastruktura bilen tanyşmagy meýilleşdirilýär.

Gruziýa tarapy ygtybarly we bäsdeşlige ukyply ulag ugurlaryny ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň şu ýylyň 6-7-nji maýynda Aşgabatda geçiriljekdigi habar berildi. Mundan başga-da, ýakyn wagtda Gruziýa-Türkmenistan işewürler forumyny guramak barada ylalaşyldy.

Energetika pudagynda Gruziýa, türkmen gazynyň we nebitiniň öz çägi arkaly Türkiýä we Ýewropa daşalmagy baradaky taslamalara işjeň goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri

Narine Saakýan: Türkmenistanda çagalar döwlet aladasy bilen gurşalan