JEMGYÝET

Görogly ýaşly ene-120-nji täze ýylyny garşylady

Uzak ýaş. Manyly ömür. Ajap döwran. Daşyňy gallap duran agtyk-çowluklaryňa buýsanmak…bulara ýetesi bagt barmy, eýse?! Ýurdumyzyň çar künjünde hem şol bagtdan paýly birnäçe kümüş saçly enelerimiz bar. Häzirki wagtda 100 ýyldan gowrak ýyly arkasyna atan eneleriň 75 göterimi Daşoguz welaýatynda ýaşaýar. Ol ýerde 100 ýaşdan geçen mährem ynsanlaryň 42-si bar. Alnan hasaba görä, welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Ak altyn  geňeşliginde ýurdumyzyň iň uly ýaşly enesi bar. Ol Toty Esenowa, 2019-njy ýylda 120-nji täze ýylyny garşy alan ene. Diýmek, üç asyry gören. Biler bolsaňyz, türkmen halkymyz doglan gününi toýlaýanlara «Göroglyň ýaşyny ýaşa» diýip, ýagşy dileg edýärler. Ine, şol arzuwlaryň wysalyny Toty enemizde görmek bolýar. Galyberse-de, «Türkmenistan» gazetiniň habarlaryna görä, welaýatyň Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginde ýaşaýan Döndi Berdibaýewa 2019-njy ýyl 112-nji ýaşy peşgeş berer.

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde ýaşaýan Ajapsoltan Hajyýewa, nesip bolsa bu ýyl 119 ýaşaýar. Ýene bir bellemeli zatlaryň biri – Ajapsoltan eje häzirki wagtda birnäçe çowluk gören 85 ýaşly ogly Ata we gelni Täzegül bilen agtyk-çowluklaryna buýsanyp, durmuş ýoluny dowam etdirýär. Ajapsoltan ejäniň 28 agtygy, 67 çowlugy, 30 ýuwlugy bar.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýaşaýan Annabagt Annalyýewa hem bu ýyl 107 ýaşy arka atýar. Ol welaýatyň çäginde iň ýaşuly ynsandyr. Iki ogul, dört gyzy kemala getiren Annabagt ejäniň häzirki wagtda 27 agtygy, 37 çowlugy bar.

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň pensiýa gaznasy müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 8-nji martynda 107 ýaşyny doldurjak Aýbibi Resulowa welaýatyň çägindäki iň ýaşuly raýatdyr. Ol Döwletli etrabynyň Tallymerjen obasynyň ýaşaýjysy. Bu günki günde Aýbibi ejemiz agtyk-çowluklaryna buýsanyp, döwletli döwranda bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Ýaşuly enelerimize täze ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Mähriban ildeşler! Siziň ähliňize şol mähriban enelerimiziňki ýaly uzak ýaş, manyly ömür arzuw edýäris. Bize hem geljekde «Göroglyň ýaşyny ýaşan» raýatlarymyzyň diňe biri däl-de, birnäçesi bilen didarlaşmak bagty miýesser etsin!

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar