TEHNOLOGIÝA

Görünmez selfi kamerasyna eýe bolan smartfon

“ZTE” şereketi ekranyň aşagynda bir sany görünmeýän kamera bilen üpjün edilen “Axon 30 5G” smartfonyny duýurdy. “ZTE Axon 30 5G” smartfony FHD+ durulygynda bolan 120 Hz ekran täzelenme tizligine eýe we 10 bit reňk saýgarma hem-de “DC Garaltma” tehnologiýasy bilen üpjün edilen 6.92″ AMOLED ekran bilen ulanyjylaryň ünsüni özüne çekmegine gaaşylýar. Ekranyň aşagynda barmak yzyny okaýjy sistema hem ýerleşen.

“Qualcomm Snapdragon 870” prosessoryndan güýç alýan telefon 8/12 GB içki ýada we 256 GB daşky ýada eýe. Bu telefonda 4200 mAh 55W tiz zarýady goldaýan batareýa goýlupdyr. Smartfon “Android 11” arkaly işleýän “MyOS 11” bilen açylýar. Bu telefon 170,2×77,8×7,8 ululykda we agramy 189 gram.

Telefonyň öň tarapynda goýlan kamera 16 megapiksel durulykda.

“ZTE Axon 30 5G” telefonynyň 3-nji awgustda satuwa çykmagyna garaşylýar. Dürli modelde satuwa çykjak bu telefonlaryň satuw bahasy bolsa şeýle:

6+128 GB modeli 338 dollar;

8+128 GB modeli 384 dollar;

8+256 GB modeli 430 dollar;

12+256 GB modeli 477 dollar.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Özbek futbolçy “Roma” toparyna geçip biler

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan emeli aň strategiýasyny kabul etdi

Saud Arabystanyda emeli aň mümkinçilikli howa menzili gurlar

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar