SIZDEN GELENLER

Göreldeli gadamlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar bilen geçýän ýylymyzyň 14-nji aprelde Balkan welaýatyndaky saparynyň barşynda Hormatly Prezidentimiziň egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda welosipedeli gezelenç etmegi we «Awaza» köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe hereketlerini amala aşyrmagy tutuş halkymyz üçin görelde mekdebi boldy.

    Mälim bolşy ýaly soňky ýyllarda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportuna hem aýratyn üns berilýär.  Şu nukdaýnazardan bolsa daşky gurşawa hormat goýmagyň we saglygy goramagyň ygtybarly guraly hasaplanylýan welosiped sporty bilen meşgullanýan watandaşlarymyzyň sany barha artýar. Şoňa görä-de häzirki wagtda adamlarda bu ulagy edinmeklige bolan höwes hem ýokarlanýar. Ony adamlar diňe gatnaw üçin däl, eýsem, türgenleşmek we gezelenç etmek üçin hem peýdalanýarlar. Çünki XIX asyryň başlarynda has köpçülikleýin ýaýrap, şu günlerde hem durmuşyň aýrylmaz bölegi hökmünde peýdalanylýan bu serişde tutuş adamzadyň we nesilleriň ömrüne oňyn täsirlerini ýetirip gelýär. Şu nukdaýnazardan hem golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi.Bu ugurda Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hökmünde ajaýyp beden we sport taýýarlygyny görkezýär. Döwlet baştutanymyzyň bu ugurda görkezýän göreldesi nusgalyk gadamlar hökmünde milli jemgyýetimiziň ähli gatlaklaryna ornady.

Bu hakykat «Awaza» köp ugurly sport toplumyna barmagy bilen hem baglanyşyp, sport we sagdyn durmuş ýörelgesiniň üznüksizligini gazanmakda Arkadagly Serdarymyzyň şanly gadamlarynyň gaýratyndan habar berýär. Bu ýerde özara toparlara bölünip, sport bäsleşikleriniň guralmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň, onuň tarapdarlarynyň sanynyň yzygiderli artýandygynyň nyşanydyr. Şeýle guwandyryjy görkezijileriň özeninde bolsa döwlet syýasatyna milli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlar, irginsiz aladalar we birleşen tagallalar bar. Bu günki günde diýarymyzyň ähli ýerlerinde sport bilen meşgullanmaga, saglygy berkitmäge, wagtyňy peýdaly zatalara sarp etmäge niýetlenen merkezleriň giň toplumy hyzmat edýär. Tebigy taýdan arassa we soňky gazanylan enjamlar bilen üpjün edilen kaşaň sport merkezleri, döwrebap dynç alyş we sagaldyş maksatly ýerleri ulularyň hem kiçileriň yzygiderli barýan ýerine öwrüldi. Bu diňe bir sportuň ösmegini we türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegini däl, eýsem keselleriň ýaýramagynyň we öňüniň alynmagynyň ýolunda hem ygtybarly ýörelgedir.  Biz hem milli Liderimiziň nusgasyna eýerip, ýaşlarmyzy sagdyn ruhda terbiýelemäge çalyşýarys we alyp barýan bilim işimizde bu syýasaty wagyz edýäris.

«Ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek,  çagalar sportuny ösdürmek,  ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler» diýmek bilen bu asylly ýörelgäniň täze taryhy döwürde hem dabaralandyrýan Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Maral Nuryýewa

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň jemgyýeti öwreniş

ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Halypa çapyksuwaryň baýragy – “Toyota Land Cruiser Prado”

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty