BIZNES

Google : “Sanly Hindistan” üçin 10 milliard dollar

Öňümizdäki 5-7 ýylda “Google” kompaniýasy Hindistanda sanly ulgamy ornaşdyrmaga kömek etmek üçin 10 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Alphabet Inc.” Kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Sundar Piçai habar berdi.

“Google” kompaniýasynyň Hindistanda her ýyl geçirilýän dabarasynda çykyş eden Sundar Piçai maýa goýumlaryň ýurduň hyzmat pudagyna gönükdiriljekdigini belledi. Bu gezek onlaýn geçirilen dabarada edilen çykyşda sanly tehnologiýanyň ösdürilmegine hem-de tehnologiýany jemgyýetçiligiň peýdasyna ulanmaga gönükdiriljek maýa goýumlar “Sanly Hindistan” taslamasyna uly goşant bolar.

Ýurtda 500 milliondan gowrak işjeň internet ulanyjylary bar. Ol hem “Google” internet kompaniýasy üçin ösüp gelýän giň mümkinçilige eýe bazardyr.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň “Sanly Hindistan” (“Digital India”) taslamasy hindi daýhanlarynyň, ýaşlarynyň we telekeçileriniň durmuşyny üýtgetmek üçin tehnologiýanyň güýjüni ulanmaga gönükdirilendir.

“Google” ençeme ýyldan bäri Hindistanda uly maýa goýumlaryny özleşdirýär. 2015-nji ýylda 300 müň obadaky 28 milliona golaý zenanyň internet barada maglumat almagy üçin “Internet Saathi” maksatnamasy işe girizilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder