TEHNOLOGIÝA

“Google” doglan gününi gutlaýar

Haýsyda bolsa bir zat barada maglumat almak islesek “Google näme diýýär?” diýýäris we  dessine “Google daýza” ýa-da “Google kaka” soraýarys!  “Gözleg etmek” manysynda “Googlemek” sözi hem giňden ullanylýar.

Şu gün haýsy-da bir zat görmek üçin “Google” giren bolsaňyz, onda, ýokaryda görülýän surat ünsüňiz çeken bolsa gerek. Ýagny,  adaty Google logosyndan başga bir logo! Bu “doodle” Google-iň doglan gününiň doodle-si!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlanýan gününde Google  özüniň 22 ýaşyny gutlaýar!

Ýadyňyzda bolsa ýakynda «Google» kompaniýasynyň onlaýn terjime ulgamy bolan «Google translate» öz düzümine türkmen dilini hem goşupdy. Türkmen dili bilelikde tatar, uýgur, kiýaruand we odi dilleri hem goşuldy. Şeýlelikde, «Google translate» indi dünýä dilleriniň 108-sine onlaýn usulda terjime edýär.

Degişli habar

Hoş habar: «Google translate» indi türkmen diline hem terjime edýär

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi