SIZDEN GELENLER

Google-dan ýene bir täzelik: Akylly sumka

Google önüm hataryny giňeltmek kararyna geldi we täze akylly sumka çykardy.

“Google” we “Samsonite” -iň sumkasy ulanyjylara öz smartfonlaryny yzygiderli barlamazdan, öýden uzakda bolsalar hem öý bilen baglanyşykda bolmaga kömek edýär.            “Google Jacquard” önümleriniň arasynda iň soňkylaryň arasynda öz ornuny tapan Konnect-i sumkasynyň slim görnüşiniň bahasy 200$ standart görnüşiniň bahasy bolsa 220$ başlaýar.     Google-yň ösen tehnologiýalar we taslamalar bölümi “Project Jacquard” taslamasyny ilkinji gezek 2015-nji ýylda geçirilen Google I/O döredijiler konferensiýasynda hödürledi. Bu tehnologiýanyň esasy ýörelgesi, adaty matany smartfonyňyzda birnäçe funksiýany işletmek üçin ulanyp boljak duýgur ýüze öwürmekden ybaratdyr. “Smart Cloth” kiçi USB portundan zarýad alýan kiçijik bellik bilen işleýär.

Belligiň özi, içindäki LED we kiçi yrgyldy motoryny ulanmak arkaly habarnamalary paýlaýar. Täze Samsonite Konnect-i sumkasy ulanykylara jaňlara jogap bermäge, ses habarlaryny diňlemäge, nawigasiýa hyzmaty hökmünde Google kartalaryndan peýdalanmaga, selfi düşmäge we aýdym eştmäge mümkinçilik berýär.              “Samsonite”, “Konnect-i” sumkasynyň “Slim” we “Standard” görnüşlerini öndürer. “Slim” görnüşiniň dik zolakly berkitmesi bar bolsa, “Standard” görnüşiniň gorizontal zolakly berkitmesi bardyr. Bu sumkalaryň köp jübileri bar bolup, olardan başga-da noutbuk üçin bölüm hem ýerleşdirilendir.

Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny