Global pandemiýa döwründe energiýa sarp edilişi hem pese gaçty. Geçen ýyl dünýäde sarp edilen energiýa serişdeleriniň möçberi 2019-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,5 göterim pese gaçty. Bu bolsa 1945-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hasaba alynan ýagdaýdyr. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň şu gün neşir edilen BP kompaniýasynyň “Statistical Review of World Energy 2021 | 70th edition” maglumatnamasyndan seljerip ýetiren habaryna görä, nebitiň sarp edilişi geçen ýyl 9,3 göterim pese gaçan bolsa bu görkeziji tebigy gazda 2,3 göterime barabar boldy. Şeýlelikde geçen ýyl dünýäde jemi 3 trillion 822.8 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edildi. Bu bolsa, 2019-nji ýyl bilen deňeşdireniňde global sarp edilen gazyň möçberiniň 81,1 milliard kubmetr azalandygyny görkezýär. Şonda Russiýa 33 milliard kubmetr bilen sarp edýän gazynyň möçberi azalan ýurtlaryň sanawynda birinji orunda durýar. ABŞ bolsa 17 milliard kubmetr bilen şeýle sanawda ikinji orunda durýar. ÝB agza ýurtlaryň sarp edýän gazynyň jemi möçberi geçen ýyl 11,3 milliard kubmetr azalypdyr.
Hytaýyň gaz bazary ösýär
Dünýäde tebigy gaz bazarynyň kiçelen döwründe Hytaýyň gaz bazary 6,9 göterim ösüp jemi 330,6 milliard kubmetrlik ululyga barabar bolýar. Başgaça aýdanymyzda Hytaý goşmaça 22 milliard kubmetrlik gaz sarp edipdir. Bellemeli zat, Hytaýyň gaz bazary mundan 10 ýyl ozal 108 milliard kubmetre barabardy. Bu bolsa, Hytaýyň gaz bazarynyň soňku 10 ýylda 3 esse ösendigini görkezýär. Geçen ýyl Hindistanyň gaz bazary 0.3 göterim ösüpdir we jemi 59,6 milliard kubmetrlik ululyga çykypdyr.
Global tebigy gaz söwdasynda hem geçen ýyl pese gaçyşlyk bolup geçti. 2020-nji ýylda global tebigy gaz söwdasy 5,3 göterim pese gaçyp jemi 940.1 milliard kubmetre barabar boldy. Şonda, bu tebigy gaz söwdasynyň 452.2 milliard kubemtri turba geçirijiler bilen 487.9 milliard kubmetri bolsa LNG görnüşinde amala aşyryldy. Bellemeli zat, şol döwürde turbageçiriji bilen daşalan gazyň möçberi 10,9 göterim azalan bolsa, LNG görnüşinde 0,6 göterim artypdyr.
Geçen ýyl Hytaý sarp eden tebigy gazynyň 94.0 milliard kubmetrini LNG görnüşinde, 45.1 milliard kubmetrini turbageçirijiler bilen kabul edipdir. Hytaýa turbageçirijiler bilen gelen tebigy gazyň 60 göterimden gowragy Ata Watanymyz Türkmenistandan gidipdir. Şeýlelikde, Hytaýa geçen ýyl jemi 139 milliard kubmetre barabar tebigy gaz import eden bolsa bu görkezijiniň 20 göterimine barabary ýurdumyz tarapyndan Türkmeniň “mawy altynynyň” hasabyna üpjün edilipdir.