MEDENIÝET

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Režissýor Ridli Skottyň “Gladiator 2” filmi halkara prokatynyň ilkinji hepdesinde rekord goýdy. Kinonyň halkara kinoteatrlarda görkezilip başlanan ilkinji hepdesinde 87 million dollar gazandy. Bu “Paramount Pictures” kinostudiýasynyň hem-de režissýoryň iň gowy üstünligi hasaplanýar.

Çeper film 63 halkara bazarynda görkezildi. Beýik Britaniýada bu film 11.4 million dollar, Fransiýada 10.3 million dollar, Ispaniýada 5.6 million dollar, Awstraliýada 5 million dollar, şeýle hem “IMAX” formatynda 7 million dollar gazandy.

“Gladiator” filminiň dowamy bolan bu film üçin 250 million dollar sarp edildi. Kinonyň ýene-de azyndan 600 million dollar gazanmagyna garaşylýar. Eger häzirki depgininde dowam eden halatynda bu gilm ýylyň iň köp girdeji gazanan filmleriniň birine öwrüler.

Tomaşaçylarda film boýunça oňyn täsirler galdyrdy. Tankytçylar 2000-nji ýylda görkezilen “Gladiator” filminiň dowamy bolandygy üçin bu gezekki kinonyň has köp meşhurlyk gazanjagyna umyt baglamandy. Ýöne filmleriň sýujetiň birmeňzeşdigine garamazdan, “Gladiator 2” filmi tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri