MEDENIÝET

Ginnesiň rekordlar kitabyna 20 gezek girdi

Bütin dünýäniň täsinliklerini özünde jemleýän Ginnesiň rekordlar kitabyna adyňy bir gezek ýazdyryp bilmek hem aňsat däl. Ýöne bu kitaba eýýäm adyny birnäçe gezek ýazdyryp ýetişdirenler bar.

Ynha, amerikaly aýdymçy zenan Ariana Grande bary-ýogy 27 ýaşynyň içinde täsinlikler neşirine adyny 20 gezek ýazdyryp ýetişdi.

Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda hem habar berildi.

Heniz ýaşydygyna garamazdan, aýdymçy The Beatles, Meraýýa Keri, Rianna ýaly amerikan aýdym-saz sungatynyň iň görnükli zenan ýyldyzlarynyň birine öwrülmegi başardy.

Dünýä metbugatyndaky habarlarda ýazylyşy ýaly, ol täsinlikler neşirine adyny 20-nji gezek «Positions» atly täze aýdym-saz albomy bilen ýazdyrdy. Toplum bilen atdaş aýdym «Billboard Hot-100» sanawynda birinji orny eýeläp, ozal hem aýdymçynyň özüne degişli rekordy täzeledi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri