Ýer eýeleri Germaniýadan soňra Ispaniýa Ýewropa çempionatynda 1/8 finala çykdy. Ispaniýanyň ýygyndysy öz toparçasyndaky ikinji duşuşykda soňky çempion Italiýa bilen duşuşdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda ispanlaryň peýdasyna tamamlandy.
Gelzenkirhende geçirilen duşuşygyň ýeke-täk goluny Italiýadan Rikkardo Kalafori öz derwezesine geçirdi. Bu Ýewropa çempionatyndaky 50nji awtogol, ýagny şol bir ýygyndynyň futbolçysy öz derwezesine gol geçirdi.
Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndysy “B” toparçasyndan indiki tapgyra çykan ilkinji ýygyndy boldy. 6 utuk jemlän Ispaniýadna soňra ikinji orunda 3 utugy bolan italiýa barýar. Albaniýa bilen Horwatiýa 1 utugy bar.
24-nji iýunda Ispaniýa Albaniýa bilen, Italiýa bolsa Horwatiýa bilen duşuşar. italiýa, Albaniýa we Horwatiýanyň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligi bar.
Şeýle hem düýn geçirilen duşuşyklarda Serbiýa bilen Sloweniýa 1:1 hasabynda, Angliýa bilen Daniýa hem 1:1 hasabynda oýnady.
Güýçli hasap edilýän Angliýa hem entek doly oýnuny görkezip bilenok.
