BIZNES

Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Frankfurtda geçiriljek Türkmenistan Ykdysadyýet günleri, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özboluşly platforma bolar. Bu çärä, German Ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň hem-de kiçi we orta telekeçilik agentligi bolan Mittelstand, Frankfurt Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçiriler.

Forum, üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin tejribesi we çeşmesi bolan bu guramalaryň öňdebaryjy agza kompaniýalaryny birleşdirer. Tehnologiýalary üpjün etmekde öňdebaryjy tejribesi bolan Germaniýa we dürli pudaklarda uly önümçilik mümkinçilikleri bilen Türkmenistan maliýe, saglygy goraýyş, söwda, ulag, nebit we gaz, nebithimiýa, oba hojalygy we dokma senagaty ýaly ugurlaryň şöhlelendirilmegi göz öňünde tutulýar.

Işewürlik forumy uzak möhletleýin Ýewropa Bileleşigi sebitinde we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş gatnaşyklaryny ýola goýmak we täzelikleri girizmek üçin platforma döreder. Işewür wekilleri we hünärmenleri hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döretmek we bilelikde ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerine gatnaşmaga çagyrýarys.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Şarjada Türkmen–Emirlikler işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Russiýanyň gazyny satyn almagy artdyrar

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler

Türkmenistan ilçisi Awstriýa-Merkezi Aziýa duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan-Malaýziýa: söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk