MEDENIÝET

Germaniýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda we daşary ýurt döwletlerinde çäreler geçirilýär. Meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň ylym-bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-9-y aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna ugradyldy.

2023-nji ýylyň 5-nji we 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň ylym, bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri ýewropaly alymlary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ýazuwly ýadygärligiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri – golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Berlin şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de şahyryň nemes dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we nemes alymlarynyň bilelikde şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly edilen işler we onuň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň türkmen we nemes dillerindäki şygyrlary okaldy. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde milli şygryýetimiziň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy hakyndaky kitaplaryň, kitapçalaryň we beýleki maglumatlaryň sergisi guraldy.

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýerleşýän bu ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy