TEHNOLOGIÝA

Geljegiň tehnologiýasynyň binýady 5G bolar

5G tehnologiýasy, esasanam enjamlaryň çalt we üznüksiz internet zerurlygyny kanagatlandyrar. 5G tehnologiýasy bilen sürüjisiz ulaglara çenli köp tehnologiýalarda uly ösüşlere garaşylýar.

1980-nji ýyllarda ulanylyp başlanan 1G tehnologiýasy ilkinji nesil simsiz telefon tehnologiýasyna mümkinçilik berdi. 1G tehnologiýasyndan soňra 2G ikinji nesil simsiz telefon tehnologiýasyna geçildi. Analog ýaýlymdan sanly ýaýlyma geçmäge mümkinçilik berýän bu tehnologiýa bilen ses we maglumatlary şifrlemek mümkinçiligi döräp, jaňlar we maglumat geçirişleri has ygtybarly boldy.

3G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy bilen maglumat alyş-çalşygynyň tizligi ýokarlandy we wideo çagyryş mümkinçiligi ýüze çykdy. Soňra 4G tehnologiýasy durmuşymyza aralaşdy.

Indi nobat 5G tehnologiýasynda. 5G tehnologiýasynyň getirjek iň uly täzelikleriniň biri, täze tehnologiýanyň öňki tehnologiýadan 100 esse çalt bolmagydyr. 5G tehnologiýasy bilen üznüksiz ýokary tizlige ýetjek internet bilen geljegi şekillendirjek tehnologiýalary ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. 5G sekuntda 20 Gigabit töweregi maglumat geçiriş tizligini üpjün eder diýlip garaşylýar.

Senagat 4.0 döwründe uly amatlylygy üpjün etjek täze tehnologiýa bilen, zawodlarda awtonom ulgamlar arkaly önümçiligiň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar. 5G-iň iň uly goşantlaryndan biri sürüjisiz ulag tehnologiýasynda bolar, diýlip garaşylýar.

 

Birža resminamalary onlaýn kabul edýär

 

 

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi