BIZNES

Geljegi uly ugur: Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan

Häzirki döwürde ulag ulgamynyň ösdürilmegi geosyýasatyň möhüm ugrunyň hatarynda durýar, döwletlere we sebitlere uly ykdysady we syýasy bähbitleri üpjün edýän birleşdiriji kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär.

Häzir biziň ýurdumyz «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeldýär, halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşyp, halkara forumlarda, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny işjeňleşdirmek, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.

Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde ýakynda Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny görkezmek bolar. Hususan-da, üstaşyr gatnawlar üçin döwrebap infrastrukturanyň bardygyny nazarda tutup, bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleriň has netijeli ulanylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Şonuň bilen birlikde, geljekde bu ugry netijeli ulanmak maksady bilen, Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek barada başlangyç beýan edildi. Geljegi uly boljak bu taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň doly derejede hereket etmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açyp, onuň yklym ähmiýetli iri logistika merkezi derejesinde ykrar edilmegine ýardam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar

2023-nji ýylda Türkmenistanda 11 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi