SPORT

Geçen ýylyň çempiony çempionlykdan barha daşlaşýar

Angliýanyň futbol çempionatynda geçen ýyl çempion bolan “Liwerpul” topary bu möwsümde ilkibaşda gowy oýun görkezýän hem bolsa, soňlugy bilen yzly-yzyna ýeňlip, çempionlykdan barha daşlaşýar. “Liwerpulyň” bu ýeňlişleri Gwardiolanyň “Mançester Siti” toparyny çempionlyga barha golaýlaşdyrýar.

Angliýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynda merkezi duşuşyk geçirildi. Onda “Liwerpul” bilen “Çelsi” topary duşuşdy. Tomas Tuheliň “Çelsi” topary birneme janlanyp ugrady we “Liwerpuly” ýeňmegi başardy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Maýson Maount öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde “Liwerpul” topary öz meýdançasynda, ýagny meşhur “Enfild” stadionynda 5-nji gezek ýeňildi. Mundan ozal, “Bernli” toparyndan 1:0, “Braýton” toparyndan 1:0, “Mançester Siti” toparyndan 4:1 hem-de “Ewerton” toparyndan 2:0 hasabynda ýeňlipdi. bu hem toparyň tarahynda ilkinji gezek öz meýdançasynda yzly-yzyna 5 oýny ýeňilmegi bilen hasaba alyndy. Bu ugurda ýurduň ýokary ligasynda şeýle netije gazanan ilkinji çempion topar boldy.

Topar öz meýdançasynda iň soňky gezek geçen ýylyň 16-njy dekabrynda “Tottenhem” toparyny 2:1 hasabynda utupdy. “Liwerpul” indiki duşuşygyny 7-nji martda ýene-de öz meýdançasynda “Fulhem” topary bilen duşuşar.

Topar şowsuz oýunlarynyň hasabyna Angliýanyň çempionatynda 7-nji orna çenli pese gaçdy.

 

Dünýäniň iň ýaşuly türgenleri

Ýene-de okaň

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy